Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türme düşegindäki Timoşenkonyň wideoýazgysy proteste sebäp boldy


Penşenbe güni Ukrainada oppozisiýa lideri Ýuliýa Timoşenkonyň türme düşeginde ýatan ýerinden wideo düşürilmegine garşylyk görkezişiniň efire berilmegi syýasy galmagala sebäp boldy.

Ukrain telewideniýesinde efire berlen wideoýazgyda öňki premýer-ministr ellerini gaharly galgadyp, türmäniň hassahanasynda ýatan ýerinden özüniň surata düşürilmegine garşylyk görkezýär.

Bu wideoýazgy 51 ýaşly Timoşenkonyň türmede gowy saklanýandygyny görkezmek üçin efire berlen iki klibiň biridi.

Oktýabr aýynda wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilen syýasatçy Ukrainanyň Günbatar bilen gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagyna sebäp boldy.

Timoşenkonyň aklawçysy Serhiý Wlasenko öz müşderisiniň razylygy bolmazdan surata düşürilmegini ýazgaryp çykyş etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG