Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa sunami krizisinden soň aljyrapdyr


Ýaponiýa 11-nji martda bolan ýer titremeden we sunamiden soň “Fukuşimo Daiçi” atom stansiýasynda dörän kriziň öňüni alyş çärerlerinde aljyrap, kynçylyklara duçar bolupdyr. Bu barada hökümet komissiýasynyň taýýarlan deslapky hasabatynda nygtalýar.

Hasabat 400 töweregi adam, şol sanda “Fukuşimo” atom stansiýasyny dolandyran “TEPCO” kärhnasynyň işçileri bilen geçirilen söhbetdeşlikleriň esasynda taýýarlandy.

Hasabatda bellenmegine görä, “TEPCO” kärhanasynyň işgärleri atom stansiýasynda döräp biläýjek adatdan daşary ýagdaýlara ýeterlik derejede taýýar bolmandyrlar.

Ýaponiýada 11-nji martda ýüz beren ýer titreme we sunami sebäpli 20 müň töweregi adam öldi ýa-da dereksiz ýitdi diýlip hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG