Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: ýadro gämisinde ýüze çykan ýangyn öçürildi


Anna güni Orsýetiň resmileri ýurduň Murmansk regionynda remontda duran bir ýadro suw asty gämisinde ýüze çykan ýangynyň dokuz sagatlyk göreşden soň öçürilendigini mälim etdiler.

Maglumata görä, bu ýangynyň netijesinde suwuň ýüzünde duran gämi bölekleýin suwa çümüpdir.

Orsýetiň resmileri bu ýangynda gäminiň ýadro reaktorynyň öz wagtynda öçürilendigini we ondaky ähli ýaraglaryň gämiden çykarylandygyny aýdýarlar.

Ýangynyň sebäpleri barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG