Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentlige dalaşgär R. Bazarow saýlawçylar bilen duşuşdy


Şu gün Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda Türkmenistanyň prezidentiniň wezipesine dalaşgär Rejep Bazarowyň saýlawçylar bilen duşuşygynyň geçirilendigini TDH gullugy habar berýär. Mundan öň TDH Bazarowyň saýlawlardan öňki programmasyny we onuň terjimehalyny çap etdi.

Saýlawçylaryna ýüzlenmesinde Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary Rejep Bazarow ýurtda milli demokratiýany mundan beýläk has hem ösdürmek, döwletiň ykdysady mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak üçin elinde bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanjakdygyny we güýjüni hem bilimini gaýgyrman zähmet çekjekdigini aýtdy.

Bazarowyň programmasynda ýurduň oba hojalygyny ösdürmeklige has möhüm orun berilýär.

Rejep Bazarow maşgalaly we onuň alty çagasy bar.
XS
SM
MD
LG