Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystandaky saýlawlarda üç partiýa parlamente girdi


Gazagystanda geçirilen düýnki parlament saýlawlarynyň deslapky netijelerine görä, parlamente “Nur otan” partiýasyndan başga-da, “Ak žol” we “Halk kommunistik” partiýalary hem girer.

Prezident N.Nazarbaýew bu saýlawlary “uly synag” diýip atlandyrdy: “Biz saýlawlaryň açyk we adalatly bolmagy üçin ähli zeryr zady etdik. Bu saýlawlar biziň üçin uly synag”.

Bu saýlawlarda köp galplyklaryň bolandygy habar berilýär. Düýbi Gazagystandaky “Garaşsyz synçylaryň respublikan networki” atly topar Astanada köp çynlakaý galplyklaryň bolandygyny we synçylaryň käbir saýlaw merkezlerine goýberilmändigini habar berýär.

ÝHHG guramasy Gazagystanda geçen parlament saýlawlarynyň demokratiýanyň esasy prinsiplerine laýyk gelmändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG