Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Knud Barels: NATO-nyň güýçleri Siriýanyň territoriýasyna girmez


NATO güýçleri Siriýa girmez diýip, penşenbe güni Brýusselde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda NATO-nyň harby komitetiniň başlygy Knud Barels nygtady.

NATO-nyň harby komiteti bu harby bileleşige girýän ýurtlaryň goranmak ministrlerinden ybarat bolup, ol harby ýaranlygyň baş harby geňeşçisiniň wezipesini ýerine ýetirýär.

Penşenbe güni Arap Ligasy ýurtlarynyň synçylar missiýasynyň Siriýada bolmaly wagty doldy. Bu ýurtdaky ýagdaý barada gutarnykly doklada Liganyň daşary işler ministrleriniň şenbe güni boljak maslahatynda serediler.

Bu maslahatda missiýanyň Siriýada bolmaly wagtyny uzaltmagyň mümkinçiliklerine-de serediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG