Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko gözenegiň aňyrsynda otyrka, Ýewropa Bileleşigi bilen Ukrainanyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça planlary mundan beýläk maslahatlaşmak mümkin däl diýip, Şwesiýanyň premer-ministri Karl Bild aýtdy.
Bild bu barada Dawosda geçirilýän Bütindünýä ykdysady forumynda Ukrainanyň häzirki prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň sözerini kommentirlemek bilen aýtdy. Ýanukowiçiň sözlerine görä, tebigy gaz almak boýunça 2009-njy ýylda Orsýet bilen gol çekilen şertnama häzir Kiýew üçin iň uly problema.
Brýussel Timoşenko çykarylan hökümi syýasy äheňli hasap edýär. Bildiň sözlerine görä, ýurtda kanunlar işleýänçä, Ukraina öz ykdysadyýetine täze inwestisiýalara umyt baglap bilmez.