Ýemende amala aşyrylan howa hüjüminde “Al-Kaýda” topary bilen ilteşigi bolmakda gümän edilýän 15 söweşiji öldürildi. Bu barada Ýemeniň resmileri habar berýär.
Öldürilenleriň arasynda, uzak wagtdan bäri gözlenýän, “Al-Kaýdanyň” ýerli liderlerinden biri bolan Abdul Monem al-Fahtaniniň hem bardygy aýdylýar.
Ýerli bir harbynyň AFP habar agentligine aýtmagyna görä, howa hüjümini Birleşen Ştatlaryň harby uçarlary amala aşyrypdyr. Emma Amerika diňe bu baradaky maglumatlary seljerýändigi bilen jogap berýär.
Ýöne "The New York Times" gazeti ABŞ Ýemendäki gümän edilýän söweşijilere garşy howa zarbalaryny ýaýbaňladandygyny habar beripdi.