Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metbugat azatlygynyň ýok ýurdundaky prezident saýlawlary


“Serhetsiz reportýorlar” guramasy öz ýaýradan beýanatynda prezident Berdimuhamedowy öňünden, kinaýaly äheňde, 90 prosent ses almak bilen gutlady.
“Serhetsiz reportýorlar” guramasy öz ýaýradan beýanatynda prezident Berdimuhamedowy öňünden, kinaýaly äheňde, 90 prosent ses almak bilen gutlady.
Saýlawlaryň öňýany, 11-nji fewralda türkmenistanlylar üçin soňky bäş ýylda geň bir waka boldy: türkmen telewideniýesiniň “Watan” habarlarynda bir gezegem prezident Berdimuhamedowyň ady tutulmady.

Bu täzelik ýurduň saýlawlary we sala salyşlyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň 12-nji fewraldaky prezident saýlawlaryndan bir gün öň “dymyşlyk gününi” yglan etmegi bilen bagly boldy. “Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” kanun ses berişlige laýyk bir gije-gündiz galanda agitasiýa-propoganda işleriniň bes edilmegini talap edýär.

Ýöne düýbi Fransiýada ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy bu dymyşlygy bozdy we “Prezident gaýtadan gazanjak saýlaw ýeňşi üçin nobata durýar: Bir partiýaly dolandyryş, uzak ýaşa” diýen sözbaşy bilen ýaýradan beýanatynda prezident Berdimuhamedowy öňünden, kinaýaly äheňde, 90 prosent ses almak bilen gutlady.

“Ýeňiji öňünden belli”

Türkmenistan prezident saýlawlarynyň alternatiw kandidatlaryň gatnaşmagynda, demokratiki ölçegler esasynda geçirilýändigini aýdýar. Emma daşary ýurt metbugatynda türkmen saýlawlary barada çap edilen makalalarda bu saýlawda iş başyndaky prezidentiň ýeňjeginiň öňünden bellidigi, onuň bilen bäsleşige çykan kandidatlaryň hiç biriniň hakyky bäsdeş däldigi aýdylýar.

Bu pikir bilen “Serhetsiz reportýorlar” hem ylalaşýar. Guramanyň Ýewropa we Merkezi
“Daşary ýurt metbugatynda bu saýlawda iş başyndaky prezidentiň ýeňjeginiň öňünden bellidigi aýdylýar”.
“Daşary ýurt metbugatynda bu saýlawda iş başyndaky prezidentiň ýeňjeginiň öňünden bellidigi aýdylýar”.
Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Bihr Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde öňi oýun gatyşykly gutlag bilen başlanyp, soňy tankyda ýazýan beýanatlarynyň aheňi barada berlen soraga: “Biz prezidentiň aýdýan sözleri bilen hakykatda bolýan zatlaryň arasyndaky tapawuda ünsi çekmek isledik” diýip jogap berdi.

Ýohan Bihr prezident Berdimuhamedowyň indi bäş ýyla golaý wagt bäri demokratiki reformalar, plýuralizm, azat saýlawlar we şuňa meňzeşler barada gürrüň edýändigini, emma bu zatlaryň dünýädäki iň bir ýapyk ýurtlaryň biri bolan Türkmenistanda gaty geň eşidilýändigini, metbugat azatlygynyň ýok ýerinde azat saýlawlaryň asla bolup bilmejekdigini aýdýar.

Emma, muňa garamazdan, döwlet eýeçiligindäki türkmen telewideniýesi saýlawlaryň uly halk baýramçylygyna öwrülendigini, saýlawçylaryň ses bermäge uly höwes bilen gatanaşýandyklaryny tekrarlady. “Watan” programmasynyň saýlaw güni sagat 15-de efire berlen sanynda sagat 14-e çenli ses bermäge ygtyýarly raýatlaryň 68 prosentden gowragynyň ses berendikleri habar berildi.

Telewideniýede öwdüler

Saýlawlary we sala salyşlyklary geçirmek baradaky Merkezi saýlaw komissiýasy, öz ýaýradan maglumatlaryna esaslanyp, döwlet baştutanyny saýlamak baradaky saýlawlary geçirildi diýip hasaplaýandygyny mälim etdi.

Türkmen telewideniýesinde saýlawlara gatnaşyp, öz ileri tutýan kandidatlaryna ses beren raýatlaryň hem käbiriniň pikir-garaýşy berildi.

Olardan biri Ogulnur Kakaýewe türkmen telewideniýesine beren interwýusynda ses bermäge ilkinjileriň biri bolup gelendigini aýdyp, şeýle diýipdir: “Şadyýanlyk, toý-baýram hemme ýerde. Gülki, saz, aýdym, demokratiýa. Garaşsyz bitarap döwletde ýaşaýanyma guwanýan, buýsanýan”.

Ahal welaýatynyň “Gämi” obasynyň ýaşaýjysy Meret Işanguly hem ses bermäge irden gelen raýatlaryň biri. Ol Türkmenistanyň “häzir ösen döwletleriň hataryna girendigini” aýdýar we ýurtda gurulýan gurluşyklaryň san-sajagynyň ýokdugyny, iş ýerleriniň ýeterlikdigini kanagatlanma bilen belleýär.

Düzgünleriň bozulandygyny aýdýarlar

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Umyt Jumaýew bu saýlawlaryň Türkmenistanda geçirilen öňki iki prezident saýlawy bilen deňeşdirilende has guramaçylykly bolandygyny aýtdy: “Öňki saýlawlarda her etrap merkezinde, daýhan birleşiklerinde bir sany saýlaw uçastogy işlän bolsa, bu gezek iki saýlaw uçastogy işledi. Bu raýatlar üçin örän amatly boldy.”

Ýöne balkanly bir ýaşaýjy öz adynyň aýdylmazlygyny sorap, saýlawlara barýan adamlaryň iki-ekedigini, gelenleriň hem öz maşgala agzalarynyň pasportlaryny getirip, birnäçe adamyň adyndan ses berendigini aýtdy. Lebaply žurnalist Umyt Jumaýew hem, saýlawçylaryň käbirine salgylynyp, şeýle bidüzgünçilikleriň bolandygyny aýdýar.

Adynyň aýdylmazlygyny soran lebaply bir ýaşaýjy “Lebap welaýatyndaky edaralaryň biriniň işgari, adynyň aýdylmazlygyny sorap, öz pasportynyň ýany bilen gyzynyň pasportyny hem alandygyny, onuň adyndan hem özüniň ses berjekdigini aýtdy. Pasportly barsaň, saýlaw komissiýasynyň işgärleri kimiň saýlawa gelmändigini aňsat anyklap bilýärler we soňra gelmedikleriň adyndan özleri ses berýärler” diýip, bize gürrüň berdi.

Türkmen telewideniýesi daşary ýurtlardaky türkmen raýatlary üçin döredilen saýlaw uçastoklarynda hem ses berişligiň işjeň ýagdaýda geçendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Owganystanda türkmen ilçihanasynyň işgärleri bilen on çemesi adamyň irden açylan saýlaw uçastogyna baryp, ses berendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG