Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Hytaýa düzgüne görä oýna diýdi, adam hukuklaryny gozgady


Prezident Obama Ak Tamda Ksi Jinpiňi kabul edýär, 14-nji fewral.
Prezident Obama Ak Tamda Ksi Jinpiňi kabul edýär, 14-nji fewral.
Sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ABŞ-a sapar edýän Hytaýyň wise-prezidenti Ksi Jinpiňe dünýä ykdysadyýet babatda hemmeleriň, şol sanda Hytaýyň hem “düzgüne görä oýnamalydygny” we Pekiniň adam hukuklaryny gödek bozmagyna Waşingtonyň alada bildirmäge dowam etjekdigini aýtdy.

Prezident Obama Ak Tamda Ksi Jinpiňi kabul edende ýene-de adam hukuklary meselesini gozgajakdygyny aýdypdy.

Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden hem Döwlet departamentinde Ksiniň şanyna gurnalan günortanlyk naharynda adam hukuklarynyň Birleşen Ştatlaryň daşary syýasatynyň esasy ugry bolmagynda galjakdygyny aýtdy.

Şeýle-de Baýden Hytaýyň Siriýada başga pikirlileriň basylyp ýatyrylmagyna garşy BMG-niň rezolýusiýasyna Hytaýyň weto goýmagy bilen Waşingtonyň “asla ylalaşmaýandygyny” aýtdy.

58 ýaşly Ksi Jinpiň 2013-nji ýylda Hytaýyň täze prezidenti bolar diýlip garaşylýar. Onuň Birleşen Ştatlara ilkinji resmi saparynyň gün tertibinde Demirgazyk Koreýa we Eýran meselesi hem boldy.
XS
SM
MD
LG