Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belli tennis türgenleri Aşgabatda: türkmen sportundan nämelere garaşylýar?


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerinden çen tutulsa, häzir ýurtda sport desgalaryny gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar we sportuň ösmegine uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerinden çen tutulsa, häzir ýurtda sport desgalaryny gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar we sportuň ösmegine uly ähmiýet berilýär.
Düýbi Pekinde ýerleşýän “6Sense” Halkara tennis akademiýasynyň ýolbaşçylary, belli tennis türgenleri Karlos Radrigos we Andres Bruno türkmen paýtagty Aşgabada geldiler.

Olaryň bu saparynyň ýokary derejeli trenerleri we sportsmenleri ýetişdirmek boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigi aýdylýar.

Karlos Radrigosyň tälimçi hökmünde abraýy uly bolup, ol dünýäniň iň meşhur tennis oýunçylarynyň, şol sanda dünýäniň birinji raketkasy Žýustin Enneniň hem tälimçisi hökmünde tanalýar.

Radrigosyň sözlerine görä, Türkmen sportsmetnleriniň uly mümkinçilikleri bar. “Dünýä derejesindäki tennisçileri ýetişdirmek üçin, Türkmenistanda tälimçilik prosesini talaba laýyk gurnamak gerek” diýip, Radrigos resmi türkmen metbugatyna beren interwýusynda aýtdy.


“Sport – owadan binalar däl”

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerinden çen tutulsa, häzir ýurtda sport desgalaryny gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar we sportuň ösmegine uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary hem Berdimuhamedowyň hökümet başyna gelmegi bilen ýurtda sport bilen meşgullanmak üçin belli bir şertleriň döredilendigini aýdýarlar.

"Türkmenbaşynyň olimpiýa suw-sport toplumy", Aşgabat.
"Türkmenbaşynyň olimpiýa suw-sport toplumy", Aşgabat.
Eýsem sport binalaryň gurulmagynyň diňe özi halkara sportsmenleriniň orta çykmagy üçin şert bolup bilermi? Sport ussatlary owadan we läheň binalaryň gurulmagy bilen ussat sportsmentleriň ýetişmeýändigini aýdýarlar. Geçmişde Türkmenistanyň futbol mekdeplerine müdirlik eden sport bilermeni we öňki belli futbolçy Anatoliý Fomin bu barada şeýle diýýär:

—Sport – owadan binalary, hatda stadionlary gurmak diýmek däl. Eger-de ýurtda tälim bermek üçin ussat trenerler ýok bolsa, bularyň barysy bir köpük.

Fomin tennisçi Rogrigeziň öňe süren pikiri bilen ylalaşyp, türkmen sportsmenleriniň ýokary netijeleri gazanmaga uly mümkinçilikleriniň bardygyny belleýär:

—Häzir Türkmenistanda esasy kynçylyk ýetişen sportmsenlere däl-de, eýsem diňe çagalaryň sportuna ünsüň berilmegidir. Haçan-da sportsmen ýetişip, oňa has köp aladanyň, ýagny formakolgiýa taýdan hemaýatyň berilmeli wagtynda, her dürli höweslendirmeleriň üpjün edilmeginiň zerur pursatynda bularyň hiç biri edilmeýär. Netijede, talantly sportsmenler baş goşan sportlaryny taşlaýarlar ýa-da daşary ýurlara gitmäge mejbur bolýarlar.

Efirde adynyň tutulmagyny islemedik maryly bir boksçy hem türkmen sportsmenleriniň dünýä derejesinde çykyş etmekleri üçin häzirki şertleriň entek ýeterlik däldigini, mundan beýläk hem geçirilmeli çäreleriň bardygyny nygtaýar.

Häzir Günbatarda ýaşaýan sport janköýeri Arslan uly üstünlikler gaznamak üçin tejribäniň we ussag tälimçileriň gerekdigini nygtaýar:

—Ähli zat bilen bir hatarda sportsmenleriň hakara we regional ýaryşlaryna gidip tejribe gazanmaklary zerur. Şeýle-de olaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin ussat trenerler gerek.

Sportsmenleriň topragy

Altmyşynjy ýyllaryň birinji ýarymynda dabarasy dag aşan Moskwanyň “Torpedosyny” utup goýberen “Köpetdagçylar” Annaly Garadanow, Oraz Geldiýew, Gurban Berdiýew ýaly futbolçylar Türkmenistandan çykypdy.

Emma, Şwesiýada ýaşan türkmen şahyry, sport janköýeri Şiraly Nurmyradyň aýdyşy ýaly, welosiped sportunda Gennadiý Lebedew, nyşana ok atmakda Marat Nyýazow, gimnastikada Aman Şanyýazow ýaly Olimpiada oýunlarynyň baýragyna mynasyp bolan, Altymyrat Orazdurdyýew kimin dünýäniň hem Ýewropanyň birnäçe gezek çempiony bolan beýik şahslaryň ýurdundan Kanadanyň Wankuwer şäherinde 2010-njy ýylda geçirilen Olimpiada oýunlaryna gatnaşmak üçiň hem sportsmen tapylmady.

—Merkezi Aziýa respublikalaryndan Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan ýaly döwletleriň komandalary öz ülkesiniň tuguny dik tutup, stadionyň derwezesinden girende, tomaşaçy märeke el çarpdy. Ýogsam, “Pylan ýurduň ýygyndy komandasy” diýlip yglan edilse-de, ýokarda agzalan respublikalaryň birinden üç, o birinden dört, ýene birinden bary-ýogy bäş adam geçip gitdi. Çaý-nahardan ellibizar bolup, yzly-yzyna jyrlaýan telefonyňam trubkasyny galdyrman, Türkmenistanyň ýaşyl baýdagyna garaşdyk. Gözümiz ýaşardy gitdi, emma ne komanda göründi, ne-de baýdak. Kemsinme-dä onsoň! Öz ýurdumyzdan bir adamy hem görmänimiz üçin gözümizden bir damjanyň syrygyp gaýdanyny hem duýman galdyk—diýip, şonda Şiraly öz duýgularyny mälim edipdi.

Häzir Türkmenistana “6Sense” Halkara tennis akademiýasynyň trenerleriniň gelmegi bilen tennis sporty boýunça nä derejede özgerişlikleriň boljakdygyny geljekde geçiriljek ýaryşlaryň netijeleri görkezer.
XS
SM
MD
LG