Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýarym-ýalaňaç eýranly zenanlar “syýasy yslama ýok diýýärler”


"YouTube" saýtynda ýerleşdirilen wideodan görnüş
"YouTube" saýtynda ýerleşdirilen wideodan görnüş
Daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranly aýallardan ybarat bir topar ýarym-ýalaňaç görnüşde wideo düşüp, ony hem 8-nji mart halkara aýallar gününe gabatlap "YouTube" saýtynda ýerleşdiripdir.

31 sekuntlyk bu klipde bilinden ýokarysy ýalaňaç aýallar bedenlerini näme üçin beýle açyp görkezmek kararyna gelendiklerini şeýle düşündirýärler:

—Biz muny bu işi etmek isleýänleriň, ýöne ony edip bilmeýänleriň ýerine edýäris. Men aýallaryň we erkekleriň deňhukuklydygyna ynanýaryn. Men aýallaryň daşlanmagyna garşylyk görkezmek üçin ýalaňaçlanýaryn. Meniň pikirlerim, bedenim, saýlap tutan ýolum. Meniň ýalaňaçlanmagym syýasy yslama "ýok" diýmek. Näme üçin? Sebäbi men bir aýal.

Bir habarda bu wideonyň müsürli aktiwist hem blogçy Aliaa Magda Elmahdiniň hormatyna döredilen, bir topar aýalyň ýalaňaç suratyny öz içine alýan kalendary goldamak üçin düşürilendigi aýdylýar.

Elmahdi Müsürde aýallara edilýän zulum-süteme protest hökmünde öten ýyl blogunda öz ýalaňaç görnüşindäki suratlaryny ýerleşdirdi. Onuň bu işi Müsürde biabraýçylyk hasaplanyp, aýdylyşyna görä, onuň jany howp astyna düşdi.

Tabu hasaplanýar

Parižde ýaşaýan eýranly aktrisa Golşifteh Farahany hem ýaňy golaýda bir sungat proýektine gatnaşyp, ýalaňaç görnüşde surata hem wideo düşdi. Farahanynyň ýanwar aýynda ile ýaýran bu suratlary hem wideoklipleri eýranlylaryň arasynda gykylyk turuzdy. Käbirleri 2011-nji ýylda Ýewropa göçüp gelen bu tanymal aktrisany ahlaksyzlykda aýyplasa, käbirleri onuň batyrlygyny öwdüler.

Ýalaňaçlyk musulman ýurtlarda tabu hasaplanýar. Yslam režimi tarapyndan berk egin-eşik kodeksi girizilen Eýranda aýallaryň saçynyň ýa golunyň bir böleginiň görünmegi-de olara ýok ýerden töhmet atylyp, azar berilmegine sebäp bolýar.

Soňky wideo hem indi reaksiýa görkezilip başlandy. Bir eýranly aýal "Facebook" saýtynda ýalaňaç görnüşde surata düşýän musulman aýallaryň güýçli reaksiýa görkezýändigini ýazdy. Ol: "Meniň pikirimçe, bu öz bedeniňe eýelik etmegiň takyk ýoly" diýýär.

Käbirleriniň pikiriçe bolsa, protestiň bu görnüşiniň dinçi konserwatiwler üçin Günbatar jemgyýetiniň ahlaga zyýanly täsirleriniň "subutnamasy" bolup, öňe däl-de yza gidilmegine getirmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG