Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG zenan hukuklarynyň berjaý edilmeginiň möhümdigini nygtaýar


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy has howpsuz, asuda we demokratik jemgyýetleri gurmak üçin aýal-gyzlaryň hukuklarynyň berjaý edilmeginiň möhümdigini ýörite beýanat bilen nygtady.

Aýal-gyzlaryň Halkara güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýa uly basyş edilýär. Çünki Owganystanyň din baradaky ýokary organy aýal-gyzlaryň hukuklaryny çäklendirmegi teklip edýär.

Owganystanly zenan deputat Fawziýa Koofi “Ulamalar Geňeşini” “Talyban” zamanasyna dolanmaga synanyşýanlykda aýyplaýar.

“Talyban” aýal-gyzlaryň okamagyny ýa-da işlemegini, olaryň ýanynda erkek bolmasa, haýsydyr bir ýere gitmegini gadagan edipdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň aýtmagyna görä, Owgansytanda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň gödek bozulmagy dowam edýär, owgan häkimiýetleri bolsa bu problemanyň öňüni almak üçin ýeterlik alada etmeýärler.
XS
SM
MD
LG