Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mikrofon açyk: Obama raketadan goranyş babatda “çeýelik” wada edýär


Seulda Medwedew bilen Obama derdinişýär.
Seulda Medwedew bilen Obama derdinişýär.
Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda geçirilen duşuşygyň ahyry golaýlanda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň arasynda bolan şahsy gürrüňler ýyldyrym çaltlygynda media syzdy.

Prezidentler ABŞ-Orsýet gatnaşyklarynyň iň bir ynjyk meselesi bolan raketadan goranyş barada gürrüň edýärkäler mikrofon açyk durdy.

Media syzan wideoda (aşakda) Obama özi we Orsýetiň täze saýlanan prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň raketadan goranyşy barada gürrüň etmek üçin duşuşanda gepleşiklere “çeýelik” getirjegini aýdýar.

“ABC News” telekanaly özara gürrüňiň soňky pursatlarynyň wideoýazgysyny ýaýratdy. Wideoýazgyda raketadan goranyş barada anyk gürrüň edilmeýär, emma olar gürrüňdeşligiň ýazmaçasyny hem çap etdiler. Ol ýerde gürrüňiň hut şol barada barýandygy duýulýar:

Prezident Obama: Bu meseleleriň ählisi, esasan hem raketadan goranyş meselesi, ony, ony çözüp bolýar, emma onuň maňa maý bermegi möhüm.

Prezident Medwedew: Hawa, düşünýän. Seniň maý bermek barada aýdýanlaryňa düşünýän. Saňa maý gerek.

Prezident Obama: Bu meniň soňky saýlawym. Saýlananymdan soň meniň has hem çeýe bolmaga mümkinçiligim bar.

Prezident Medwedew: Düşünýän. Men bu maglumaty Wladimire ýetirerin.


Wideo "ABC News" tarapyndan ýaýradyldy.



Obama barada aýdylanda, noýabr aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanjagynyň bellidigini öz ýanyndan kabul etmegi we Moskwa bilen has hem mylaýym işleşmek barada aýdýanlary potensial howp bolup durýar. Bu gürrüňler onuň ne tankytçylarynyň ünsünden sowlup geçer, ne-de Respublikan bäsdeşleriniň. Mysal üçin, “Saýlawlardan soň has hem çeýe bolmaga mümkinçilim bar” diýen sözbaşy gysga wagtyň içinde “Drudge Report” sahypasynyň iň ýokarsynda ýerleşdirildi. Emma Obama özara gatnaşyklardaky şeýle wawwaly meselede has hem gaýduwsyz hereket etmegi niýet edinýän bolsa, onda bu gürrüňleriň aňyrsynda ýatan zatlar häzirki syzyp çykmalardan has hem gyzykly.

Medwedewiň ýiti tankytçylary barada aýdylanda, bu waka wezipesinden gidip barýan prezidenti Putiniň ýumuş oglany edip görkezýär. Wezipe möhletiniň tamamlanmagyna iki aý galan Medwedewiň özüni şeýle alyp barmagy manyly hem bolup biler. “ABC News” tarapyndan ýaýradylan materialdan çen tutulsa, Obama: “Onuň maňa maý bermegi möhüm” diýip, belliklerini Putine gönükdirýärdi.

Emma Medwedew prezidentlik wezipesini premýer-ministr Putine gaýtaryp bermäge taýýarlyk görýärkä, Medwedewiň garşydaşlary “Bu maglumaty ýetirerin” diýen sözleri nähili ulanarkalar? Muny görmek gyzykly bolar.
XS
SM
MD
LG