Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, eger-de Birleşen Ştatlar we beýleki hyzmatdaşlar howpsuzlygy üpjün etseler, onda uruşdan ejir çekýän ýurdunyň çäginde saýlaw geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Ak tam Ukrainada saýlawlaryň geçirilmegini ilerledýär. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 9-njy dekabrda Politico neşirinde çap edilen söhbetdeşliginde “wagt geldi” diýip belledi. Şol bir wagtda, Ukrainanyň konstitusiýasy uruş döwründe saýlawlary geçirmäge ýol bermeýär.
Öňki beýanatlaryndan tapawutlylykda, Zelenski harby ýagdaý şertlerinde saýlaw geçirmäge mümkinçilik berýän kanunçylyk taslamasyny taýýarlamak üçin parlamente itergi berjekdigini aýtdy.
Ses berişlik Russiýa bilen tas dört ýyl bäri dowam edýän urşuň çäginde ok atyşyklary togtatmak baradaky ylalaşyk baglaşylsa, şeýle-de saýlaw prosesiniň howpsuzlygyny üpjün etjek kepillikler ornaşdyrylsa, 60–90 gün içinde geçirilip bilner.
“Men häzir Birleşen Ştatlardan we belki-de biziň ýewropaly hyzmatdaşlarymyzydan saýlaw geçirmäge mümkinçilik berjek howpsuzlygy üpjün etmäge kömek etmegini açyk haýyş edýärin” diýip, Zelenski 9-njy dekabrda žurnalistlere aýtdy.
“Munuň üçin meniň şahsy islegim we taýýarlygym bar” diýip, ol sözüne goşdy.
Ukrainada resmiler saýlawlary geçirmek mümkinçiligine degişli meselä yzygiderli ýagdaýda garşy çykyp geldiler. Olar ýurda garşy her gün amala aşyrylýan rus howa zarbalaryny, öň hatarda söweşýän müňlerçe esgeri we uruş sebäpli öýlerini terk etmäge mejbur bolan millionlarça ukrain raýatyny mysal getirip, şeýle çäreleriň bu şertlerde mümkin däldigini aýdypdylar.
Ýurtda geçirilýän pikir soralyşyklaryň netijeleri ukrainleriň aglabasynyň uruş döwründe saýlawlaryň geçirilmegine garşy çykýandygyny görkezýär, ýöne soňky saýlawlaryň 2019-njy ýylda bolandygyny göz öňünde tutup, ýolbaşçylykda täze pikirleri we täze adamlary görmek isleýänler hem bar.
Zelenskiniň beýanatlary 2022-nji ýylyň fewralynda Russiýanyň başladan doly göwrümli basybalyjylykly hüjümi netijesinde dörän urşy tamamlamaga gönükdirilen gepleşikleriň ýygjamlaşan döwrüne gabat geldi.
Ukrain lideri Ýewropa saparynyň çäginde 9-njy dekabrda Italiýada boldy. Ol Waşingtonyň ilerledýän teklibinden onçakly hoşal bolmadyk ýewropaly ýaranlarynyň Kiýewe bolan goldawyny äşgär etmegi maksat edinýär.
Zelenski sosial mediada çap eden beýanatynda Ukraina we onuň ýewropaly hyzmatdaşlarynyň ýakyn günlerde parahatçylyk meýilnamasy boýunça “täzeden işlenip taýýarlanan resminamalary” Birleşen Ştatlara hödürlejekdigini aýtdy.
Şol bir wagtda, parahatçylyk meýilnamasy bilen baglylykda üstünde işlenilýän, şol sanda Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň sany, Günbataryň howpsuzlyk kepillikleri, Russiýanyň Ukrainanyň NATO agza bolmazlyk baradaky talaby ýaly ençeme möhüm meseleler saklanyp galýar.
Zelenski 8-nji dekabrda Bloomberg News neşirine beren interwýusynda, mümkin parahatçylyk ylalaşygy boýunça ABŞ-nyň howandarlygynda alnyp barylýan gepleşikleriň, ýurduň gündogaryndaky Donbas diýlip bilinýän sebitiniň territoriýasynyň gözegçiligi meselesi babatynda ylalaşygy indi üpjün etmelidigini aýtdy.
8-nji dekabrda Zelenski Londonda we Brýusselde parahatçylyk teklibi boýunça gepleşikleri geçirdi. Bu geçen aý ABŞ-nyň parahatçylyk taslamasyny mälim etmeginden soň, Maýaminiň golaýynda ukrain we amerikan resmileriniň üç gün dowam eden duşuşyklarynyň yz ýanyna gabat geldi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 9-njy dekabrdaky sessiýasynda Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Andriý Melnik ýurdunyň “satuwa çykarylmandygyny” aýtdy.
“Biziň territoriýamyz we özygtyýarlylygymyz satlyk däl. Biz Roždestwo bazarynda däl” diýip, ol Ukrainanyň meselelerine bagyşlanan açyk brifingde aýtdy.
"Russiýa Ukrainyň boýun egmegini isleýär, biz muny edil şu wagt eşitdik. Russiýa biziň tabyn bolmagymyzy isleýär. Emma meniň size berjek jogabym şu: 'siz Ukrainany däl, kökäniň deşigini alarsyňyz" diýip, ol sözüne goşdy.
Melnik muny Russiýanyň ilçisiniň Moswkanyň Ukrainadaky goýan maksatlaryna 'güýç bilen bolsa-da, diplomatiýa bilen bolsa-da ýetiljekdigini' aýdyp eden çykyşyna jogap hökmünde aýtdy.
Bu aralykda, Ukrainanyň ýokary derejeli harby serkerdesi ukrain goşunlarynyň Russiýanyň ele salandygyny öňe sürýän Donbasdaky strategiki taýdan möhüm Pokrowsk şäheriniň bir böleginiň goragyny saklamagy dowam etdirýändigini aýtdy.
Forum