Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awtorlyk hukuklary: Orsýet, Hytaý iň ýaramaz ýurtlaryň hatarynda


Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň aýtmagyna görä, awtorlyk hukugy bolan materiallaryň ogurlanmagynyň we beýleki intellektual eýeçilikleriň bozulmagynyň öňüni almakda Orsýet we Hytaý dünýäde iň ýaramaz ýurtlaryň hatarynda bolmagynda galýar.

ABŞ-nyň Söwda wekilçiliginiň täze ýaýradan hasabatynda Orsýetiň 16 ýyl, Hytaýyň bolsa 8 ýyl bäri awtorlyk hukugyny ýaramaz goraýan ýurtlaryň hatarynda durýandyklary aýdylýar.

Türkmenistan awtorlyk hukuklaryny goramak boýunça işleri gowurak alyp barýan ýurtlaryň hatarynda goýulýar. Bu hatarda Belarus, Täjigistan we Özbegistan ýaly ýurtlar hem bar.

Hasabatda ýaramazlaryň hataryna goşulan ýurtlara garşy sanksiýa çärelerini ulanmak göz öňünde tutulmaýar.

Hasabatyň awtorlary awtorlyk hukugyny bozýanlara garşy hökümetleriň iş alyp barmaklarynyň we olaryň awtorlyk hukugy baradaky kanunlaryna täzeden garamaklarynyň zerurdygyna ünsi çekýärler.
XS
SM
MD
LG