Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa iň soňky atom reaktoryny öçürdi


Ýaponiýanyň Fukuşima raýonynda atom stansiýasynda ýüze çykan tehniki näsazlygyň yzy bilen spesialistler şol raýondaky Koriýama şäheriniň ýaşaýjylaryny radiasiýa barlaglaryndan geçirýrärler. Koriýama,mart, 2011.
Ýaponiýanyň Fukuşima raýonynda atom stansiýasynda ýüze çykan tehniki näsazlygyň yzy bilen spesialistler şol raýondaky Koriýama şäheriniň ýaşaýjylaryny radiasiýa barlaglaryndan geçirýrärler. Koriýama,mart, 2011.
Şenbe güni Ýaponiýa özüniň elektrik öndüriji iň soňky atom reaktoryny öçürdi. Munuň özi soňky kyrk ýylyň dowamynda ilkinji gezek Ýaponiýada elektrik energiýasyny öndüriji ýekeje-de atom reaktorynyň işlemeýänligini aňladýar.

“Hokkaýdo Elektrik Energiýasy” atly kompaniýanyň öz atom reaktoryny şenbe güni öçürmegi bilen, tutuş Ýaponiýa boýunça elektrik energiýasyny öndüriji ähli atom reaktorlarynyň, ýagny 50 sany atom reaktorynyň iň soňkusy öz işini bes etdi.

Bu waka gabatlap ýurduň paýtagty Tokioda müňlerçe protestçi Ýaponiýanyň hökümetini atom energiýasyndan bütinleýin ýüz öwürmäge çagyryp, ýöriş geçirdi.

Tragediýanyň beren netijesi

Geçen ýylyň martynda Ýaponiýanyň Gündogar regionynda ýüz beren güýçli ýer yranmanyň we sunami suw joşgunynyň netijesinde ençeme atom elektrik stansiýasynda tehniki näsazlyklar ýüze çykyp, howply radiasiýanyň ýaýramagyna getiripdi.

Şol wakalaryň netijesinde ýurduň jemgyýetçiliginde atom energiýasynyň ulanylmagyna garşy protestler güýçlendi.

Şenbe güni Tokioda ýöriş geçiren protestçileriň bir topary elektrik energiýasy bilen bagly işlere gözekçilik edýän Senagat ministrliginiň binasynyň öňüne ýygnandylar.

Ýene 5 müňden gowrak protestçi bolsa Tokionyň merkezindäki parka ýygnanyp, soňra şäheriň merkezinden elleri plakatly ýöräp geçdiler. Ol plakatlarda “Atom energiýasy, hoş!” diýen ýaly şygarlar ýazylgydy.

Ilat razylyk bermeli

Atom elektrik reaktorlaryndan iň soňkusynyň öçürilmegi Ýaponiýanyň hökümetiniň ýurtdaky ähli ýadro reaktorlarynyň ýer yranmalaryna we suw joşgunlaryna döz gelmek mümkinçiliklerini düýpli gözden geçirmek üçin alyp barýan çäreleriniň çäklerinde amala aşyryldy.

Şu çaka çenli Ýaponiýanyň atom reaktorlary ýurduň ulanýan elektrik energiýasynyň üçden bir bölegine golaýyny öndürýärdi. Indi bu öçürilen atom reaktorlary düýpli barlaglardan geçiriler.

Ýöne bu atom reaktorlarynyň täzeden işe girizilmegi üçin geljekde ýerli ilatyň rugsady gerek bolar.
XS
SM
MD
LG