Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

11-nji sentýabr hüjüminde aýyplanýanlar suda jogap bermediler


2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr hüjümi bilen baglanyşykly aýyplanýanlar şenbe güni özleriniň ilkinji sud diňlenişiginde suduň sowallaryna jogap bermekden ýüz öwürdiler.

Birleşen Ştatlaryň Guantanamo harby bazasynda, harby tribunalda geçirilýän bu sud diňlenişiginde Halid Şeýh Muhammed esasy günä bildirilýän şahsyýet.

Ol 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlarda ýolagçy uçarlary alnyp gaçylyp, amala aşyrylan hüjümleri gurnaýjylaryň biri hasaplanylýar. Oňa ýardam berenlikde aýyplanylyp, ýene dört adam sud edilýär.

Ýöne şenbe günki sudda bu bäş adamdan hiç biriniň suduň sowallaryna jogap bermek islemändigi aýdylýar. Olaryň suduň sowallaryna jogap bermezlikleriniň sebäbi barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG