Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berzeňňide jaýlar ýykylýar


Berzeňňi şäherçesi, 7-nji maý.
Berzeňňi şäherçesi, 7-nji maý.
Türkmenistandan “Aşgabadyň eteginde, Berzeňňide jaýlar ýykyljak. Eýýäm birki sany ýykylanam bar. Elektrik togunyň kesilýändigi barada bu ýerde ýaşaýan adamlara hat gowşurylypdyr. Häzirlikçe jaý ýykma işi togtadylypdyr” diýen maglumatlar gelip gowuşýar.

Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi şu mesele bilen gyzyklanyp, Aşgabatda ýaşaýan Amanmyrat Bugaýew bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Amanmyrat, Berzeňňi paýtagtdan näçe kilometr daşlykda ýerleşýär? Ol ýerde jaý köpmi? Owaly bilen Berzeňňi barada aýdyp geçseň.

A. Bugaýew: Berzeňňi şäherçesi 80-nji ýyllaryň ortalarynda Aşgabatdan 2-3 km. üzňelikde, şäheriň günortasynda ýerleşýärdi. Soňra kem-kemden Berzeňňi bilen Aşgabat şäheri birikdi. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda şo ýerde, Arçabil ýolunyň ugrunda 30 çemesi myhmanhana salyndy. Soňra Berzeňňi şäherçesi doly diýen ýaly ýykylyp, şo ýerden ýaşaýyş jaýlary salyndy.

Indi Berzeňňi şäherçesinde barmak büküp sanaýmaly jaý galdy. Olaryň-da üstünden haçan gurluşygyň geljegi belli däl. Indi Berzeňňi şäherçesinden ilerligine-de şäher güýçli depginlerde dowam edýär. 1991-nji ýylyň ýanwar-mart aýynda Eýrana gidýän ýoluň günbatar tarapyndan döredijilik intelligensiýasyna hem-de uruş weteranlaryna, şeýle hem käbir wezipeli adamlara daça – bagbançylyk ýerleri berlipdi. Olaryň umumy sany, mende bolan hasaplamalara görä, dört müňden geçýär. Şeýle hem Berzeňňi şäherçesiniň gutarýan ýerinde ýa-da daça jaýlarynyň başlanýan ýerinde hökümet býujetiniň hasabyna ençeme million amerikan dollary harç edilip, “Türkmenbaşynyň şäheriň daşyndaky kabulhanasy” diýlen ymarat salnypdy.

Suratlar: Berzeňňi şäherçesi, 7-nji maý.

Azatlyk Radiosy: Ol ýerde ýykmak işleri haçan başlandy?

A. Bugaýew: Ýykmak işleri şol ýerler berleniniň yzysüre, 1994-95-nji ýyllardan başlandy. Sebäbi Eýrana gidýän ýoluň günbataryndaky salnan jaýlaryň arasynda Türkmenistanyň hökümetinde ýokary wezipeleri eýeleýän adamlaryň jaýlary bardy. Olaryň her biri wezipesinden gidenden soňra olaryň jaýyny haýdan-haý ýykmak bilen boldular. “Türkmenbaşynyň Berzeňňidäki kabulhanasy” diýlen uly bina – ymaratam ýykyldy. Onsoň uruş weteranlarynyň jaýlaryna nobat ýetdi. Ondan soňra-da döredijilik intelligensiýasyna degişli bolan üç müň töweregi daça ýykyldy.

Azatlyk Radiosy: Daçasy ýykylanlaryň biri siziň özüňiz bolsaňyz gerek, Amanmyrat?

A. Bugaýew: Hawa. Şol jebre duş bolanlaryň biri men.

Azatlyk Radiosy: Jaýyňyzy ýykmazyndan öň habar berdilermi hem-de ýykylan jaý üçin kompensasiýa töledilermi?

A. Bugaýew: Habar berdiler. “Ýene-de on günden jaýyňyz şu ýerde bolmasyn. Ýykyň. Aýryň. Gurluşyk materiallaryny nirä äkitseňiz, şoňa äkidiň” diýip, habar berdiler. Birki günden soňra: “Isleg bildirýänlere Çoganlydan ýer berjekler. Beriljek şol ýerleri ýakyn günlerde görkezeris, gurluşyk materiallaryňyzy şo ýere äkidiberiň” diýdiler. Kompensasiýa – hiç zat berilmedi.

Azatlyk Radiosy: Gurlan jaýlaryň ýykylan ýerlerinde täze binalar guruldymy?

A. Bugaýew: Ýok. Şo ýerlere diňe bag ekildi.

Azatlyk Radiosy: Amanmyrat, biz gürrüňiň başynda aýdan ýerimize gelsek: “jaýlar ýykylýar, ýykylmasy häzirlikçe togtadylypdyr” diýlen ýere, onda ýykmak işi näme üçin başlandy?

A. Bugaýew: Birinji sebäbi, şo tarapdan üç sany köpri salyndy. Şolaryň ikisi ulanylmaga berildi, üçünjisi bu gün-erte ulanylmaga beriljek. Elbetde, bularyň aratapawudy ençeme ýyllar bilen ölçelýär. Eýran ýolundan gündogara – 1-nji Maý posýologyna uzaýan köçäniň hem demirgazygyndaky, hem günortasyndaky ençeme jaýlary ýykdylar.

Azatlyk Radiosy: Şol gürrüňi edilýän ýerde “ýokary derejeli döwlet işgärleriniňem jaýlary bar” diýen maglumat bar. Bu dogrumy?

A. Bugaýew: Gaty dogry. Başda berlende-de şol ýokary wezipelilere berildi. Meselem, S. Nyýazow döwründe-de, häzirem ýokary derejeli wezipäni eýeleýän, prezidentiň kömekçisi W. Hramowyň jaýy şo ýerde.

Azatlyk Radiosy: Şu işler edilemezinden öň, jaý ýykmak ýa köpri geçirmek barasynda metbugatda ilat köpçüligine duýdurylýarmy?

A. Bugaýew: Ýok. Beýle zat ýok, hatda şäher häkimi ýa onuň orunbasary derejesinde biri baryp, adamlardan: “Şeýle ýagdaý, şeýle proýekt sebäpli jaýlaryňyzy ýykmaly bolýas. Siz bizi bagyşlaň” diýip ötünç sorasalar, adamlaryň başy gök direjek.
XS
SM
MD
LG