Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýly dissident Guaňçeň Birleşen Ştatlara tarap ýola düşdi


Birleşen Ştatlardan gaçybatlga almaga çalyşýan hytaýly dissident Çen Guaňçeň şenbe güni Birleşen Ştatlara tarap ýola düşdi. Bu baradaky maglumaty şenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti tassyklady.

Ýakynda Çen Guaňçeň Birleşen Ştatlaryň Pekindäki ilçihanasyna gaçyp atyp, şol ýerde bir hepdeden gowrak wagtlap galypdy.

Ikitaraplaýyn gepleşiklerden soň, öz maşgalasyna dolanyp baran Çen Guaňçeň Hytaýyň häkimiýetleriniň öz ýakyn garyndaşlaryna basyş görkezýändiklerinden şikaýat edip, Birleşen Ştatlardan syýasy gaçybatalga sorapdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Çen Guaňçeňiň öz aýaly we iki çagasy bilen ýola düşendigini we onuň Birleşen Ştatlaryň uniwersitetinde öz okuwyny dowam etdirmekçidigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG