Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewrozonada aksiýalar we ýewro pul birligi pese gaçdy


Ispaniýa öz bank sistemasyny halas etmek üçin ýewro zonadaky ýaranlaryndan 100 milliard ýewro möçberinde pul kömegini soranyndan soň, ýewro pul birligi we Ýewropanyň aksiýalarynyň bahasy pese gaçdy.

Madridde, Londonda, Parižde we Afynyda aksiýalaryň bahasy duşenbe güni pese gaçdy. Ýewro birligi bolsa anna gününden bäri $1.25 pese düşdi.

Bu ýagdaý Ispaniýanyň hökümetiniň Ýewropa toparynyň prezidenti Jean-Klaude Jankere maliýe kömegini bermek barada resmi hat ýollanyndan soň döredi.

Synçylaryň aýtmaklaryna görä, Ispaniýada üç ýyl bäri dowam edýän maliýe çökgünlikden saplanmak üçin ýurduň bank sistemasy 62 milliard ýewro kömegine mätäçlik edýär.
XS
SM
MD
LG