Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa 2012: medal eýelerine nämeler wada berilýär?


London, 15-nji iýun.
London, 15-nji iýun.
Londondaky Olimpiýa bäsleşiklerinde altyn medal alan sportsmenler millionlap pul ýa täze maşynlar ýaly dürli goşmaça baýraklara eýe bolarlar. Diňe altyn däl, eýse kümüş we bürünç medallary gazanan atletler hem şeýle baýraklar bilen sylaglanarlar.

Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin höwesjeňlik statusy şert diýlen düzgün 1992-nji ýylda ýatyrylaly bäri, sportsmenlere hökümetden, milli Olimpiýa komitetinden we agzalýan komitet bilen hyzmatdaşlyk edýän hususy fondlardan nagt pul baýraklaryny almaga rugsat berilýär.

Şol karara laýyklykda, Gürjüstanyň atleti Londondan öýüne getiren altyn medaly üçin 1,2 million dollar gazanyp biler. Tajigistanyň altyn medally ýeňijilerine gymmat baha maşynlar wada berildi. Şeýle-de käbir ýurtlar medal bilen dolanan sportsmenlerine kwartira bererler.

Pul baýraklarynyň möçberi hem ýurtdan-ýurda üýtgeýär. Meselem, bir ýurtda sylag hökmünde beriljek pul sportsmeniň formasynyň bahasyndan biraz köp bolsa, beýleki bir ýurtda sportsmeniň aýlygyndan birnäçe esse köp nagt pul baýrak berler.

Azerbaýjan altyn medal bilen dolanan sportsmenleriň hersine 510,000 dollar, Gazagystan bolsa 250,000 dollar baýrak bermegi wada berdi.

Bu baýraklar diňe ýerli normalar boýunça däl, eýsem Günbataryň baýyrak ýurtlary bilen deňeşdirilende hem köp. Mysal üçin, Birleşen Ştatlarda altyn medal gazananlara 25 müň, kümşe 15 müň we bürünç medalyna eýe bolan atletlere 10 müň dollar berler.

Orsýetiň hökümeti birinji orny gazanan sportsmenlere 125 müň dollar berer. Emma Çelýabinsk welaýatynyň ýerli hökümeti öýüne altyn medal bilen dolanan atleti 1 million dollar bilen sylaglajakdygyny aýtdy. Sankt-Peterburgyň resmileri bolsa Londonda altyn medal gazanan sportsmenlerine 33 müň dollar bermegi wada edýärler.

Eýranyň hökümeti medal gazanan sportsmenlere 85 müň dollara barabar bolan altyn teňňe teklip edýär. Mundan başga-da Eýran medal bilen dolanan ähli atletlerine ömrüniň ahyryna çenli doly aýlyk beriljekdigini aýdýar. Eýranyň käbir resmileri we edaralary medally dolanan atletlere maşyn, kwartira we goşmaça altyn teňňe hem teklip edýärler.

Merkezi Aziýa

Merkezi Aziýanyň iň garyp ýurtlary hem bu babatda yzda galmaýar. Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon altyn medal alan her bir täjigistanly atlete hökümet tarapyndan 63 müň dollaryň beriljekdigini aýdýar.

Mundan başga-da Duşenbe şäheriniň häkimi altyn medal üçin bir otagly kwartira, we kümüş hem bürünç medal alanlara-da pul baýragyny teklip edýär.

Täjigistanyň iň uly banky “Orionbank” Emomali Rahmonyň garyndaşyna degişli bolup, birinji orny eýelän atletlere gymmatbaha maşyn berjekdigine wada berdi.

Şol bir wagtyň özünde-de Täjigistanyň “Yslam galkynyş” oppozison partiýasy medal gazananlaryň ählisine Duşenbe şäherinde bahasy 30-80 müň dollar aralygynda bolan kwartiralary teklip edýär.

Gyrgyzystanyň atletleri altyn medal üçin 20 müň dollar gazanyp bilerler. Bişkek medal gazanan gyrgyz sportsmenleriniň ählisine ömrüniň ahyryna çenli 500 dollar möçberinde stipendiýa berjekdigini mälim etdi.

Türkmenistan Sowet Soýuzy dargaly bäri öňki sowet döwletleriniň arasynda Olimpiýa medalyny gazanmadyk ýeke-täk ýurt bolup, ol şu wagta çenli 2012-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijilerine beriljek baýraklaryň möçberini yglan etmedi.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýurduň atletleri 25 medal gazanyp, “olaryň bäşisi altyn medal bolar” diýip umyt edýär. Ol altyn medal getiren sportsmenlere 150 müň dollar beriljekdigini aýtdy.

2008-nji ýylda altyn medal bilen dolanan sportsmenlerine Minsk şäherinde kwartiralar sowgat edilipdi. Emma 2012-nji ýyl üçin beýle wadalar berilmedi.

Olimpiýa ýaryşlaryny geçirýän Britaniýanyň oýunçylarynyň girdejisi onçakly bir köp däl. Munuň sebäbi hem, belki, Britaniýanyň hiç hili goşmaça baýrak hödürlemeýänligindendir. Ýöne altyn medal gazanan britaniýaly ýeňijiler öz suratlarynyň poçta markalarynda ulanylmagyna rugsat berseler, onda 15 müň dollar gazanyp bilerler.
XS
SM
MD
LG