Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Gozgalaňçylar Alepponyň ýarysyna gözegçilik edýändiklerini yglan etdiler


Siriýada hökümet goşunlary bilen gozgalaňçylaryň arasyndaky söweşler ýurduň iki iri şäherinde, paýtagt Damaskda hem Aleppoda dowam edýär.

Gozgalaňçylar alty gün dowam eden söweşlerden soň, şu gün Alepponyň ýarysyna gözegçilik edýändiklerini yglan etdiler.

Olaryň aýdanlary garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklanmady.

Şol ýerlerden gowuşýan maglumatlarda Aleppoda gozgalaňçylara gelýan ýardamyň önüni almak üçin hökümet goşunlaryna degişli uçarlaryň howa arkaly hüjümleri amala aşyrýandyklary aýdylýar.

Aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, Damaskyň köçelerinde hökümet güýçlerine degişli agyr artilleriýadan atylýan oklaryň sesleri eşidilýär.

Geçen hepde paýtagtda pitneçileriň hüjüminde Siriýa hökümetiniň dört sany ýokary derejeli wekili öldürilip, ençemesi ýaralanansoň, hökümet goşunlary hüjüme başlapdylar.
XS
SM
MD
LG