Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada agyr söweşler dowam edýär


Aleppo Siriýanyň ululygy boýunça ikinji şäheri.
Aleppo Siriýanyň ululygy boýunça ikinji şäheri.
Siriýanyň hökümet güýçleriniň pitneçileriň pozisiýalaryna garşy hüjüm etmekleri bilen, ululygy boýunça ýurduň ikinji şäheri Aleppoda agyr söweşler dowam edýär. Bu söweşlerde hökümet güýçleriniň gozgalaňçylara garşy artilleriýadan we harby uçarlardan ok atýandyklary aýdylýar.

Pitneçileriň komandiriniň sözlerine salgylanyp aýdylmagyna görä, şenbe güni pitneçiler “güýçli hüjüme” taýýarlyk görüpdirler. Şol bir wagtyň özünde, “Bu diňe başlangyjy, esasy hüjüm indi bolar” diýip, hökümetiň baş howpsuzlyk edarasynyň duýduryş edendigi aýdylýar.

BBC kanaly Aleppo şäheriniň töwereginde 20 müňe golaý Siriýanyň harbylarynyň toplanýandygyny habar berýär.

Prezident Başar al-Assadyň güýçleri Damaskda pitneçileriň iň soňky gaýtawulyny serpikdirendiklerini aýdýarlar.

Eýranly zyýaratçylar

Söweşleriň gidýän wagtynda Damaskyň etegindäki şaýy ybadathanasynyň golaýynda 48 eýranly zyýaratçy alynyp gaçyldy.

Eýranyň diplomatlary hem-de Siriýanyň döwlet telekanaly zyýaratçylaryň alynyp gaçylmagynda “ýaragly toparlary” günäkärleýärler.

Ýekşenbe güni düýbi Dubaýda ýerleşýän “Al-Arabiýa” telekanaly Damaskda eýranlylary alyp gaçan Siriýanyň pitneçilerinden gowşan diýip aýdylýan wideo sýüžetini görkezdi.

Şol wideoda “Siriýanyň azat armiýasy” diýilýän oppozision ýaragly toparynyň ofiseriniň geýimindäki bir pitneçiniň zamun alynanlary Eýranyň Rewolýusion gwardiýasynyň agzalary diýip günäkärleýän pursaty görkezilýär.

“Allanyň emri we ýardamy bilen, “Al-Baraa Brigadasynyň” söweşijileri Eýranyň raýat milisiýasyna degişli Damaska razwedka missiýasy bilen gelen 48 adamy sakladylar. Emma derňewden soň biz olaryň käbiriniň Eýranyň Rewolýusion gwardiýasynyň agzalarydygyny anykladyk” diýip, pitneçi ofiser aýdýar.

Zyýaratçylaryň ykbaly barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtyň özünde, Eýranyň resmi “IRNA” habar agentliginiň maglumatyna görä, zamun alynan 48 sany eýranlyny boşatmaga kömek bermeklerini sorap Tähran Türkiýä we Katara ýüz tutupdyr.

“IRNA” habar agentligi Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehiniň Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly we katarly kärdeşi Şeýh Hamad Bin Jassim Bin Jabr Al-Thani bilen telefon arkaly gepleşendigini habar berdi. Ministrleriň arasynda bolan bu gepleşiklerde zyýaratçylaryň boşadylmagyna kömek bermek barada ylalaşylandygy aýdylýar.

17 aý mundan ozal prezident Başar al-Assadyň garşysyna turan gozgalaňlaryň dowamynda Siriýada birnäçe eýranly alynyp gaçylypdy. Eýranyň mediýasynyň maglumatyna görä, olaryň köpüsi Eýrana berilmezinden ozal Türkiýä tabşyrylypdyr.

BMG-niň hasabyna görä, 17 aý bäri dowam edýän gozgalaňda 19 müň adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG