Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tatarystanda "katakomba" dini akymynyň agzalary jenaýat jogapkärçiligine çekilýär


Resmi edaralar ýerasty bunkerlerde ýaşaýan ýetmişe golaý adamy tapdylar. Olaryň ýigrimi ýedisi çaga, otuz sekizisi bolsa uly ýaşlylar.
Tatarystanyň "katakomba" diýlip häsiýetlendirilýän musulman dini akymynyň azyndan dört agzasy on ýyla golaý wagtdan bäri çagalary ýylylygyň, gün şöhlesiniň we ýeterlik derejede howa çalşygynyň ýok ýerinde, ýeriň astynda saklamakda günäkärlenýär.

Habar berlişine görä, şol dini akymyň 83 ýaşyndaky lideri Faizrahman Sattarow “eden-etdilikde” aýyplanýar.

Resmi edaralar ýerasty bunkerlerde ýaşaýan ýetmişe golaý adamy tapdylar. Olaryň ýigrimi ýedisi çaga, otuz sekizisi bolsa uly ýaşlylar. Olar kamera meňzeş hapa katakombalarda ele salyndy. Şol bunkerler Sattarowyň öýüniň aşagynda ýerleşýär.

Ýokarsyndan geçýänler üçin bu jaý depesi ýarym aýly kiçijek minarasy bolan, kerpiçden ýasalan üç gatly bina ýaly bolup görünýär, ol 700 kwadrat metr meýdany tutýar.

Tatarystanyň polisiýasy jaýyň bikanun gurlandygyny we ony ýykjakdyklaryny aýdýar.

Käbir çagalar şol ýerasty bunkeriň içinde doglup, olar hiç haçan gün ýagtysyny görmändirler. Şol ýerdäki iň kiçi çaga 18 aýlyk. Ýerasty bunkerlerdäki iň uly çaga bolsa 17 ýaşynda bolup, resmiler tarapyndan saglyk barlagyndan geçmek üçin keselhana ugradylanda, onuň göwrelidigi anyklanyldy.

Prokuratura bu dini akyma garşy jenaýat işi boýunça derňewleriň başlanandygyny aýdýar. Aýdylmagyna görä, eger şol topar öz agzalaryna saglyk hyzmatyndan peýdalanmaga we bilim almaga rugsat etmezlik ýaly bikanun hereketlerini dowam etdirse, ol gadagan ediler.

Şeýle hem polisiýa çagalaryň başga ýollar arkaly hem zorluga sezewar edilip-edilmändigini anyklamak üçin derňewleriň geçirilýändigini hem habar berdi. Ilkinji berilýän maglumatlara görä, çagalaryň käbirlerine öz ene-atasynyň ýanynda galmaga rugsat edilip-edilmejegi barada suduň karar çykarmagyna garaşylýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, özlerini mömin, ýagny ynanýanlar diýip atlandyrýan ene-atalaryň käbirleri hem şol dini akymyň agzasy bolup, çagalaryň hak-hukuklaryny depelemekde aýyplanýanlaryň arasynda.

"Yslam pygamberi"

Kazan şäheriniň çetinde ýerleşýän bu toparyň üsti 1-nji awgustda, Tatarystanyň musulman ruhanylaryna bolan soňky hüjümler bilen baglylykda geçirilýän derňewleriň çäginde açylypdyr.

Orsýetiň "Islam News" websaýtynyň habar bermegine görä, Sattarow trolleýbusyň simlerinden gelip degen uçgunlary Hudaýdan gelen ylahy yşyk diýip atlandyryp, 1960-njy ýyllarda özüni Yslam pygamberi diýip yglan edýär.

Döwlet eýeçiligindäki “Westi” telekanalynyň habar bermegine görä, Sattarow öýüni hem "garaşsyz Yslam döwleti" diýip, yglan edipdir. Şeýle hem Sattarowyň 1970-nji ýyllarda Sünni Yslam ruhanylarynyň başlygynyň orunbasary bolandygy aýdylýar.

Käbir habarlarda aýdylmagyna görä, şol dini akyma eýerýänlere Sattarowyň ýazan golýazmalaryny okamak maslahat berlipdir. Olaryň köpüsinde bolsa lukmanlardan kömek almak ýa-da bilim almak üçin şol sekiz gatly ýerasty bunkerleri terk etmegiň gadagandygy görkezilipdir.

Bu dini akymyň ady "Faizrahmanist" bolup, ol Orsýetiň döwlet kanunyny ýa-da Tatarystan Musulman liderleriniň arasyndaky ýolbaşçylary ykrar edenok.

Ýolbaşçylar Sattarowyň öýünde şol dini akymyň agzalarynyň Tatarystan Musulman ruhanylaryna hüjüm etmekde eliniň bardygyny görkezýän alamatyň ýokdugyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG