Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Morsi harby ýolbaşçylaryň wezipelerinden boşadylmagyny düşündürdi


Müsüriň prezidenti Muhammad Morsi ýurduň iki sany ýokary derejeli harbysynyň “ýurduň bähbidi üçin” pensiýa ugradylandygyny aýtdy.

Muhammad Morsi 12-nji awgustda Müsüriň harbylarynyň Ýokary Geňeşiniň başlygy feldmarşal Mohamad Husseýn Tantawini hem ýurduň Baş ştabynyň ýolbaşçysy Sami Annany wezipelerinden boşatdy.

Şol wakadan soň eden çykyşynda Müsüriň prezidenti ýurduň harby goşunlarynyň ýerine ýetirýän wezipelerini öwüp, indi olaryň ünslerini “döwleti goramak ýaly mukaddes işe” gönükdirip biljekdiklerini aýtdy.

Şeýle hem Muhammad Morsi ýakynda Konstitusiýa ýurduň prezidentiniň ygtyýarlyklaryny çäklendirmek babatda girizilen üýtgetmeleri-de ýatyrdy.

Mohamad Tantawi Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubarek wezipesini terk etmäge mejbur bolansoň taze prezident saýlanýança wagtlaýyn Müsüri dolandyrypdy.

Iýun aýynda bolsa prezidentlik wezipesine “Musulman doganlygy” hereketiniň agzasy Muhammad Morsi saýlandy.

Hosni Mubaregiň režimi synaly bäri bu hereket bilen Müsüriň harbylarynyň özara gatnaşyklarynda dartgynlyk saklanýar.
XS
SM
MD
LG