Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýer titremesiniň pidalaryna kömek berýär


Eýranyň demirgazyk-günbatarynda ýer titremesinden soň, 12-nji awgust.
Eýranyň demirgazyk-günbatarynda ýer titremesinden soň, 12-nji awgust.
Eýranyň demirgazyk-günbatarynda bolup geçen iki sany güýçli ýer titremesiniň netijesinde 300-den gowrak adam heläk boldy. Häzir sebitde ýardam we halas ediş işleri dowam edýär.

Saglygy goraýyş ministri Marzih Wahid Dastjerdiniň duşenbe güni parlamente beren maglumatyna görä, şol ýertitremede 3037 adam hem ýaralanypdyr.

Ýer titremesi şenbe güni, 11-nji awgustda Töwriziň golaýynda boldy. Onuň yz ýany bilen şol ýerde onlarça kiçi ýer yranmalaryň hem bolup geçendigi aýdylýar. Şol waka sebäpli sebitde iki gün ýas yglan edildi.

Ýekşenbe güni içeri işler ministri Mostafa Mohammad Najjaryň žurnalistlere beren maglumatynda aýtmagyna görä, gözleg we halas ediş işleri tamamlanyp, olar häzirki döwürde öz tagallalaryny halas bolan adamlary ýaşaýyş jaýy hem-de azyk bilen üpjün etmäge gönükdirýärler.

Ondan gowrak oba ýumruldy

Ministr ýer titremesiniň täsiri duýlan territoriýada 600 obanyň ýarpysyndan gowragyna zyýan ýetendigini we ondan gowrak obanyň bolsa doly ýumrulandygyny aýtdy.

Ýekşenbe güni, 12-nji awgustda, Azatlyk Radiosyna Ahar şäheriniň bir ýaşaýjysy öz ýagdaýlary barada şeýle maglumat berdi:

"Ýardam tagallalary gowy. Çadyr, ýorgan ýaly adamlara häzir gerek bolan beýleki zatlaryň ýaýradylyşy bilen deňeşdireniňde, iýmitiň paýlanyşy has hem gowy. Ahar-Töwriz we beýleki ýollarda kynçylyklar bar - diýip, Ahar şäheriniň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. - Başga şäherlere halas ediş we ynsanperwer kömekleri gija galypdyr. Adamlar seýilgähleriň meýdançalarynda ýorgan düşenip, üstünde ýatýarlar. Olaryň şäheriň çetinde çadyrlary hem bar."

Eýranyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti öýsüz galan ýa-da öýüne dolanmaga gorkýan 16 müň adamy 6 müň çadyr bilen üpjün etdi.

Döwlet telewideniýesiniň habar bermegine görä, halas bolan adamlara 44 müň azyk torbasy we müňlerçe ýorgan paýlanylypdyr.

Habarlara görä, sebitdäki keselhanalar ýaralylardan dolup, olar häzirki talaby ödemekde kynçylyk çekýärlerler.

”Frans Press” habar agentliginiň Eýranyň resmilerine salgylanyp beren maglumatynda aýdylşyna görä, “Tähran bu ýagdaýdan özüniň baş alyp çykyp biljekdigini aýdyp, beýleki döwletleriň ýardam tekliplerini ret edýär”.

Muňa garamazdan, ITAR-TASS habar agentliginiň maglumatyna görä, goňşy döwlet Azerbaýjan çadyrlardan, içinde ýatylýan düşeklerden we içimlik suwdan ybarat 25 ýük maşynyny ynsanperwer kömek üçin Eýrana ugradypdyr.
XS
SM
MD
LG