Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus Gyrgyzystanyň öňki prezidentiniň doganyny ekstradisiýa etmejekdigini aýtdy


Belarusyň Baş prokuraturasy Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň inisi Janyş Bakyýewi ekstradisiýa etmek barada Bişkegiň talabyny ret edendigini yglan etdi.

Edaranyň resmi web saýtynda çap edilen maglumata görä, Baş prokuratura gyrgyz tarapynyň talabynyň “syýasy sebäpden” edilendigini tankytlady.

Beýanatda belarus tarapynyň öz garaýyşyny Gyrgyzystana iýun aýynda mälim edenligi aýdylýar.

Awgustyň ortalarynda Janyş Bakyýewiň Minskde alnan suratlary internetde peýda bolýança, onuň Belarusda ýaşaýandygy anyk belli däldi.

Gyrgyzstanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew 2010-njy ýylda häkimiýet başyndan çetleşdirileli bäri, Belarusda ýaşaýar. Bakyýewler 2010-njy ýylda Gyrgyzystanda bolan gozgalaňdan soň ýurdy terk edipdiler.
XS
SM
MD
LG