Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň wise-prezidenti gaýybana ölüm jezasyna höküm edildi


Ýekşenbe güni Yragyň sudy bosgunlyga gaçyp çykan ýurduň wise-prezidenti Tarek al-Haşemini gaýybana ýagdaýda ölüm jezasyna höküm etdi. Sud Tarek al-Haşeminiň körekeni we sekretary Ahmed Kahtana hem ölüm jezasyny berdi.

Suduň karary bilen olaryň ikisi-de dardan asylmaly edildi. Sud olaryň ikisinem ýörite adam öldürmek bilen meşgullanýan topara eýelik etmekde günäli tapdy.

Yragyň wise-prezidentine garşy gozgalan bu jenaýat işinde ýurduň brigada-generalynyň we bir ýerli aklawçynyň öldürilmegi bilen baglanyşykly aýyplamalardan daşary, ýene 150-ä golaý jenaýat aýyplamasy bar.

Tarek al-Heşeminiň özi bu aýyplamalary syýasy matlaba esaslanýan aýyplamalar diýip atlandyrýar. Käbir çeşmeler onuň häzir Türkiýede gizlenýändigini, käbir beýleki çeşmeler bolsa onuň Dohada gizlenýändigini habar berýärler.
XS
SM
MD
LG