Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Germaniýa: Konstitusion sud döwletiň maliýe syýasatyny oňlady


Çarşenbe güni Germaniýanyň Konstitusion sudy Ýewropanyň maliýe ýardam fonduna Germaniýanyň goşant goşmaly däldigi barada edilen şikaýaty kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi.

Germaniýanyň Konstitusion sudy bu meselä ýurduň ykdysatçylarynyň bir toparynyň şikaýaty esasynda garady.

Konstitusion suduň çykaran bu karary Germaniýanyň prezidenti Ýoahim Gaukyň Ýewropanyň maliýe durnuklylygy boýunça täze mehanizmi güýje girizmek baradaky ylalaşyga gol çekmekligine-de ýol açýar.

Mundan daşary, Konstitusion suduň bu karary Ispaniýanyň we Italiýanyň karzlarynyň prosentini ýeňilleşdirmek üçin Ýewropanyň Merkezi Bankynyň obligasiýalary satyn almak boýunça göz öňünde tutýan täze syýasaty üçinem oňyn karar hasaplanylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG