Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň goşun komanduýuşisi Ysraýyl bilen urşuň boljagyny aýdýar


Şenbe güni Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasynyň komanduýuşisi Muhammad Ali Jafari ISNA habar agentligine beren interwýusynda Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky häzirki dartgynlylygyň, ahyrky netijede, urşa alyp geljekdigini aýtdy.

Ol bu barada eden çykyşynda: “Sionistleriň (ysraýyllylaryň) yzygiderli haýbat atyp gelmekleri bu ýurduň režiminiň Eýrana garşy çynlakaý duşmançylyklydygyny görkezýär. Bu bolsa, ahyrky netijede, fiziki konfrontasiýanyň ýüze çykmagyna getirer” diýip belledi.

Mundan ozal Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu Eýranyň anyk nokatlaryna garşy birtaraplaýyn hüjüm edilmeginiň mümkindigi barada birnäçe gezek duýduryş berip, çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG