Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ban Ki-mun Siriýadaky gazaplylygy togtatmaga çagyrdy


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun çykyş edip, Siriýadaky gandöküşligi togtatmak üçin halkara çärelerini geçirmäge çagyryş etdi.

Ban Ki-mun sişenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edip, 18 aý bäri dowam edýän gazaplylygy “halkara netijeleri döredýän ýerli betbagtçylyk” diýip atlandyrdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Siriýanyň prezidentini “öz halkyny gyrýan diktator” diýip häsiýetlendirdi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Orsýetiň we Hytaýyň garşy çykýandygy sebäpli, berk çäreleri geçirip bilmän gelýär. Kataryň emiri şeýh Hamad bin Khalifa Al Thani öz çykyşynda “Siriýada parahatçylyk ýol bilen häkimiýet çalşygyny sazlamak üçin” arap döwletleriniň goşulmalydygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG