Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“HRW” hukuk goraýjylar üçin Orsýetde işlemek howply diýýär


“Human Rights Watch” (“HRW”) guramasy Orsýetdäki hukuk goraýjylaryň häzirki wagtda “duşmançylykly klimat” bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýar. Bu ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny bellemek bilen, “HRW” guramasy öz bir işgärine golaýda howp abandyryjy duýduryşyň ýollanandygyny nygtaýar.

“HRW” guramasynyň ylmy işgäri Tanýa Lokşina bular ýaly duýduryşlaryň täzelik däldigini, ýöne SMS arkaly özüne ýollanan soňky duýduryşlaryň “haýasyzlyk we haýynlyk derejesi boýunça” görlüp-eşidilmedikdigini aýdýar.

“HRW” guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Kennet Rot Lokşinanyň ýurt içinde yzarlanýandygyny aýtdy. Rot bu gorkuzmalaryň guramanyň Orsýetdäki alyp barýan işininiň dowam etdirilmegine päsgelçilik döretmegine “HRW” ýol bermez diýip nygtady.
XS
SM
MD
LG