Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussag edilen öňki ministr Tejene iberildi


Geldimyrat Nurmuhammedow, ozalky medeniýet we turizm ministri. 8-nji dekabr, 2011.
Geldimyrat Nurmuhammedow, ozalky medeniýet we turizm ministri. 8-nji dekabr, 2011.
Geçen hepde, ýagny 4-nji oktýabrda tussag edilen öňki ministr Geldimyrat Nurmuhammedowuň Tejende ýerleşýän LTP-ä, ýagny bejeriş-zähmet merkezine iberilendigi habar berilýär.

Nurmuhammedowuň maşgalasyna ýakyn çeşmeleriň aýtmaklaryna görä, başda onuň 5-nji oktýabrda Daşoguzda ýerleşýän neşekeşleri bejeriş merkezine äkidiljekdigi barada maglumat berlipdi.

Nurmuhamedowuň maşgalasyna ýakyn çeşmeleriň aýtmaklaryna görä, ol neşe ulanmakda aýyplanyp, 4-nji oktýabrda tussag edilipdi. Emma käbir ýerli çeşmeler bu aýyplamalary ret edip, oňa jemgyýetçilik guramasyny döretmek barada alyp barýan tagallasy üçin basyş edilýändigini aýdýarlar.

Geldimyrat Nurmuhammedow barada resmi metbugatda maglumat berilmeýär.

1992-95-nji ýyllar aralygynda medeniýet we turizm ministri wezipesini berjaý eden Nurmuhammedow 2011-nji ýylyň 8-nji dekabarynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda dolandyryjy partiýanyň bikanundygyny aýdypdy we hökümetiň alyp barýan käbir syýasatyny tankyt edipdi.

Şol tankydy çykyşdan kän wagt geçmänkä, 16-njy dekabrda onuň maşgalasynyň Aşgabatda ýerleşýän hususy firmasy, salgyt tölemekden gaçalak edenlikde aýyplanyp, ýapylypdy.
XS
SM
MD
LG