Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli raýatlar Milli Bitewülik gününi belleýärler


Ýekşenbe güni Orsýetiň şäherleriniň köpüsinde köp raýatlar ýurduň Milli Bitewülik gününiň hatyrasyna milli şygarlar bilen ýöriş geçirdiler. Ýurduň häkimiýetleri raýatlar tarapyndan şeýle ýörişleriň gurnalmagyna hiç hili päsgelçilik döretmediler.

Emma, şol bir wagtyň özünde, Orsýetiň Ýekaterinburg şäherinde rugsat berilmedik demonstrasiýa gurnamaga synanyşan adamlaryň bir topary dargadyldy we 90 töweregi adam tussag edildi.

Şeýle wakanyň Nowokuznesk şäherinde-de ýüz berendigi habar berilýär. Milli Bitewülik güni mynasybetli ýekşenbe güni paýtagt Moskwanyň merkezinde-de rugsat berlen ýöriş gurnaldy.

Munuň özi şu ýylyň martyndan bäri Moskwanyň merkezinde ilkinji gezek rusag berlen köpçülikleýin ýöriş hökmünde alamatlandy.
XS
SM
MD
LG