Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň synçylary ABŞ-daky saýlawlara gözegçilik edýär


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy amerikan synçylary bilen bilelikde ABŞ-da sişenbe güni geçirilen saýlawlara syn etdiler.

ÝHHG-niň parlamentar missiýasynyň başlygy Joao Soares Waşingtondaky saýlaw uçastogynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda heniz doly karara gelmedik diýilýän ştatlaryň ählisinde we prezident Barak Obama bilen Respublikan Mit Romnini deňeçirräk goldaýan şatatlarda 100 sany güýçli synçylarynyň ýerleşdirilendigini aýtdy.

ÝHHG-nyň adam hukuklary boýunça edarasynda 50 agazdan durýan aýratyn synçy topary bar.

Soaresiň aýtmagyna görä, synçylaryň ştatlarda ýerleşdirilmegi ÝHHG-nyň günbatar döwletleri üçin goşa standartyň ýokdugyny aňladýar. Ol ozalky Sowet Soýuzynyň ýurtlarynda edilişi ýaly bu guramanyň amerikan saýlawlaryna hem syn edýändigini belledi.
ÝHHG-y ABŞ-daky saýlawlar baradaky hasabatyny şu hepdäniň ahyrynda ýaýradar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG