Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Razwedka Agentliginiň başlygy wezipeden çekildi


Anna güni Birleşen Ştatlaryň Merkezi Razwedka Agentliginiň başlygy Dewid Petreus wezipesinden çekildi.

Bu barada ýaýradan öz resmi beýanatynda Dewid Petreus keseki bir aýal bilen nikadan daşary gatnaşykda bolandygyny boýun alypdyr we bu ýagdaýyň özüniň häzirki wezipesine laýyk gelmeýändigini belläpdir.

Prezident Barak Obama onuň wezipeden çekilmek baradaky arzasyny kabul edendigini mälim etdi we jenap Petreusyň öz döwrüniň iň bir görnükli generallaryndan biridigini nygtady.

Dewid Petreusyň ornuna bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde Merkezi Razwedka Agentliginiň başlygynyň orunbasary Maýkl Morell bellendi.

37 ýyl bäri öz aýaly bilen ýaşaşyp gelýän Dewid Petreus mundan ozal ABŞ-nyň Yrakdaky we Owganystandaky güýçlerine komanduýuşiligem edipdi.
XS
SM
MD
LG