Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülnara Karimowa görünjek bolýar


Başga edip biljek zady barmy?
Başga edip biljek zady barmy?
Özbegistanyň awtoritar prezidenti Yslam Karimowyň uly gyzy Gülnara Karimowa dizaýner, zergär, estrada aýdymçysy, diplomat, BMG-däki ilçi, şeýle hem senaristdir.

Emma ol özüni mahabatlandyrmak niýetli bilen, ýakynda ýoganyň peýdasy barada gürrüň berip, käbir hereketlerini surata düşürip, Twitter sosial ulgamynda (@gulnarakarimova) goýdy. Olaryň arasynda aşak seredýän it, kepjebaş, gaharly pişik we plug hereketlerini görkezýän suratlar hem bardy.

Gara hem gysga şortuly we gyrmyzy T-köýnekli 40 ýaşyndaky Gülnara Karimowa ýoga maşklary üçin ýaramly görünse-de, onuň reklama tagallalary, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň aýtmagyna görä, dürli seslenmeleri gazanýar.



Käbirleri onuň güýçlenmäge, çeýeleşmäge we ruhy taýdan gowulanmaga kömek edýän gadymy maşky mahabatlandyrmagyny gowy garşy alsalar, beýlekiler onuň türgenleşik üçin geýen geýimleriniň we onuň şöhratparaz hereketleriniň özüniň konserwatiw musulman ýurdunda ahlak çäklerini geçendigini, özbekleri utandyrandygyny aýdýarlar.

Tankytçylaryň pikiriçe, Karimowa soňky wagtlar has köp işjeňlik görkezip, Şweýsariýadaky pul ýuwuşlyklara, şeýle hem "Uzdunrobita" mobil operatory bilen bagly dawalara we aýdylýan beýleki kanuny bozmalara bolan gatnaşygynyň öz abraýyna ýetiren zyýanynyň öwezini doljak bolup, jemgyýetçilik bilen aragatnaşyga geçýär. Karimowyň režiminiň adam hukuklaryny bozýandygy baradaky habarlar barada aýdybam oturmaly däl.

Karimowa 1989-njy ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan 74 ýaşly kakasy wezipesinden gidende onuň ornuny tutmaga güýç toplaýan bolmagy ahmal diýen çaklamalar hem bar.

“Daýaw kaka” ýakynda häkimiýet başyndan çekilermi? Ynha, munuň özi uly sorag.
XS
SM
MD
LG