Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ýer titremede azyndan sekiz adam öldi


Eýranyň gündogarynda 5,5 bal derjesinde ýer titreme boldy. “Fars” habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, çarşenbe güni bolan ýer sarsmada 8 adam ölüp, 12-si hem ýaralanypdyr.

Ýer titremäniň netijesinde, Horasan welaýatynyň Zohan etrabynda jaýlaryň weýran bolandygy aýdýar.

“Fars” habar agentliginiň aýtmagyna görä, Eýranyň “Gyzyl ýarymaý” jemgyýeti, harabaçylygyň aşagynda galan adamlary halas etmek üçin, heläkçiligiň bolan ýerine 15 halas ediş topary ugradypdyr.

Tähranyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugynyň başlygynyň orunbasary Muhammet Sarwaryň aýtmagyna görä, ýer titremede ölenleriň sanynyň artmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG