Siriýada gozgalaňçylar paýtagt Damaskyň halkara aeroportuny “uruş meýdany” diýip atlandyrdylar.
Aeroportuň töwereginde jeňçiler bilen prezident Başar al-Assada ygrarly güýçleriň arasynda ganly çaknyşyklar dowam edýär.
Jeňçiler aeroporta uçaryň gonjak mahaly, özleriniň etjek hereketleri barada hiç zat aýtmadylar. Geçen hepdeden bäri daşary ýurt awiakompaniýalary özleriniň Damaska bolan reýsleriniň ählisini ýatyrdylar.
Bu aralykda Orsýetiň NATO-daky ilçisi Aleksandr Gruşko Assadyň režiminiň himiki ýaraglary ulanmaga taýýarlyk görýändigi baradaky Günbataryň howatyrlanmalaryny ret etdi.
BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun himiki ýaraglaryň ulanylmagy “elhenç jenaýat” boljakdygyny aýtdy.
Şol bir wagtda, Türkiýede gozgalaňçylar 30 agzadan ybarat birleşen harby komandowaniýäni saýlaýarlar. Maslahata gatnaşanlaryň biriniň “Reuters” habar agentligine aýtmagyna görä, orunlaryň üçden ikisini aşa yslamçylar eýeläpdirler.