Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ugo Çawesiň saglygy alada döredýär


Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawes nobatdaky gezek bejergi almak üçin Kuba gitmeziniň öňýany öz tarapdarlarynyň öňünde söz sözleýär. Karakas, 23-nji fewral, 2012.
Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawes nobatdaky gezek bejergi almak üçin Kuba gitmeziniň öňýany öz tarapdarlarynyň öňünde söz sözleýär. Karakas, 23-nji fewral, 2012.
Soňky günler Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawesiň saglyk ýagdaýynyň ur-tut ýaramazlaşandygy barada maglumatlar peýda boldy. Soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ol rak keseli bilen baglanyşykly Kubada birnäçe gezek bejergi aldy.

Çarşenbe güni eden çykyşynda Boliwiýanyň prezidenti Ewo Morales Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawesiň saglyk ýagdaýynyň “örän alada döredijidigini” aýtdy.

Ugo Çawes 11-nji dekabrda Kubanyň keselhanasynda özüne edilen operasiýadan soň henizem şol ýerde bejergi almagyny dowam etdirýär we şondan bärem ol jemgyýetçiligiň öňünde peýda bolmady.

Şol bir wagtyň özünde, Wenesuelanyň oppozisiýasy ýurduň hökümetinden prezidentiň saglyk ýagdaýy baradaky “hakykaty” aýan etmekligi talap edip, beýanat etdi.

Ýurduň resmileri häzirlikçe Ugo Çawesiň operasiýadan soň saglyk ýagdaýynyň birneme çylşyrymlaşandygyny aýtmak bilen çäklenýärler. Bu soňky operasiýa 2011-nji ýylyň ortalaryndan bäri oňa edilen dördülenji operasiýa boldy. Wenesuelanyň resmileri prezident Çawesiň dem alyş ýollarynda infeksiýanyň peýda bolandygyny aýdýarlar.

Keseli barada anyklyk ýok

Wenesuelanyň 58 ýaşly sosialist lideri Ugo Çawesiň rak keseliniň nähili görnüşinden ejir çekýändigi we onuň saglyk ýagdaýynyň näderejede agyrdygy barada anyk maglumat berilmeýär.

Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez (çepde) we Boliwiýanyň prezidenti Ewo Morales Karakasda harby parad wagty. 4-nji fewral, 2012.
Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez (çepde) we Boliwiýanyň prezidenti Ewo Morales Karakasda harby parad wagty. 4-nji fewral, 2012.
Çarşenbe güni Wenesuelanyň ýakyn ýarany bolan Boliwiýanyň prezidenti Ewo Morales habarçylara beren interwýusynda özüniň Ugo Çawesiň maşgala agzalary bilen gürrüňdeş bolandygyny mälim etdi.

“Biziň doganymyz prezident Ugo Çawes bilen baglynyşykly ýagdaý örän alada dörediji. Ýöne, ýakyn wagtda ol bize goşulyşar diýip umyt edýärin. Ýöne ýagdaý örän alada dörediji. Men onun maşgalasy bilen gürrüňdeş boldum. Men wise-prezident bilenem gürleşmäge synanyşdym, ýöne ol kyn boldy. Biziň doga-dileglerimiz doganymyz prezident Ugo Çawesiň ömrüni halas eder diýip umyt edýärin” diýip, prezident Morales belledi.

Ýakynda nobatdaky gezek Wenesuelanyň prezidentligine saýlanan Ugo Çawesiň inagurasiýa dabarasy 10-njy ýanwara bellenipdi. Ýurduň hökümet resmileri onuň bu möhlete çenli ýurda dolanyp bilmezliginiň-de mümkindigini boýun aldylar.

Oppozisiýa nägile

Hepdäniň çarşenbe güni Wenesuelanyň esasy oppozision hereketi bolan Demokratik Birleşik koalisiýasynyň başlygy Ramon Aweledo ýurduň hökümetini şu çaka çenli Ugo Çawesiň hakyky saglyk ýagdaýy barada maglumat bermeýänlikde tankytlady.

Prezident Çawesiň özi soňky gezek özüne operasiýa etdirmek üçin Kuba gitmeziniň öňýany eden çykyşynda bardy-geldi bir ýagdaý ýüze çykyp, öz prezidentlik wezipesini ýerine ýetirip bilmedik halatynda, bu wezipäni wise-prezident Nikolas Maduronyň ýerine ýetirjekdigini aýtdy.

Şeýle hem, ol prezidentlik saýlawlarynyň gaýtadan geçirilmegine zerurlyk ýüze çykan halatynda, öz tarapdarlaryny Nikolas Maduro ses bermeklige çagyrdy.

Wenesuelanyň kanunyna laýyklykda prezident Çawesiň aradan çykan ýa-da wezipesinden çekilen halatynda, prezidentlik saýlawlary 30 günüň içinde geçirilmeli.

Ýöne Ugo Çawesiň inagurasiýa güni prezidentlige kasam etmäge gelip bilmedik halatynda ýagdaýyň nähili bolmalydygy barada ýurduň konstitusiýasynda anyk bir zat aýdylmaýar.
XS
SM
MD
LG