Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: ABŞ-nyň howa zarbasynda azyndan dört adam öldi


Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky taýpa regionynda ABŞ-nyň adamsyz uçarlarynyň raketa hüjümi netijesinde, söweşiji diýip çaklanýan azyndan dört adam öldi. Bu barada Pakistanyň resmileri habar berýär.

Bu hüjüm penşenbe güni Weziristanyň demirgazygynda Mir Aliniň golaýynda amala aşyrylypdyr. Şol region “Talyban” bilen “Al-Kaýdanyň” mesgeni hasaplanýar.

“Assosiated Press” habar agentligi, şol hüjümde ölenleriň sanynyň bäş adamdygy barada maglumat berýär. Ölenleriň şahsyýeti barada häzirlikçe maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG