Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bangladeşdäki dini çärä 3 million töweregi adam ýygnandy


Ýekşenbe güni Bangladeşin paýtagty Dhakanyň golaýynda musulmanlaryň iň bir uly dini festiwalyna 3 million töweregi adam ýygnandy.

Dhaka şäheriniň golaýyndaky Turag derýasynyň kenarasynda üç günüň dowamynda geçirilýän bu dini dessur “Biswa Ijtema” diýlip atlandyrylýar.

Bu dini çäre ilkinji gezek 1966-njy ýylda ýola goýlupdy. Şondan bäri ol Saud Arabystanynda geçirilýän haj zyýaratyndan soň öz ululygy boýunça musulmanlaryň ikinji uly dini çäresine öwrüldi.

Onuň maksady doga-dilegleriň üsti bilen parahatçylyga we özara düşünişmeklige ýardam etmeklikden ybarat.
XS
SM
MD
LG