Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa: Bir jynsly nika taslamasyna garşy protest geçirilýär


Fransiýanyň paýtagty Parižde on müňlerçe adam gomoseksuallaryň öýlenmegini we olaryň çagalary perzentlige almagyny kadalaşdyrýan kanuna garşy çykyp protest geçirdi.

Bu baradaky taslama prezident Fransua Olland tarapyndan goldanylýar. Onuň sosialist partiýasy hem ýurduň parlamentinde köpçülige eýe bolandygy üçin, gürrüňi gidýän kanun taslamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.

Emma muňa katolik ybadathanasy we käbir konserwatiw syýasatçylar garşy çykýar.

Bir jynsdan bolanlaryň nikalary 11 ýurtda, şol sanda Belgiýada, Portugaliýada, Gollandiýada, Ispaniýada, Şwesiýada, Norwegiýada, Günorta Afrikada we ABŞ-nyň dokuz ştatynda rugsat edilýär.
XS
SM
MD
LG