Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Obama ýarag kontrollugy, milli bergi barada pikirini aýtdy




ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama öz hödürlemekçi bolýan ýarag kontrollugy kanuny barada karara gelenlerinde, Kongresiň agzalarynyň “öz wyjdanlaryny synamalydygyny” aýtdy.

Ol duşenbe güni Ak tamda öz ilkinji möhletiniň soňky metbugat ýygnagynda eden çykyşynda ýarag satyn alýanlaryň şahsyýetiniň berkräk barlanmagy, hüjüm ýaraglaryna gadaganlyk girizilmegi, has köp ok sygýan okdanlaryň çäklendirilmegi jemgyýetçilik howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin “esasly” ädimler bolup durýar diýdi.

Ýarag baradaky islendik täze kanun Kongresde berk garşylyga duçar bolar.

Şeýle-de Obama Kongresde federal bergi çägi üstünde boljak maliýe darkaşy barada gürrüň etdi.

Ol “Biz bergisini töläp bilmeýän döwlet däl” diýip, respublikanlaryň ýurduň borçlaryny tölemek üçin eglişikleri talap etmezliklerini talap etdi.
XS
SM
MD
LG