Müsüriň Aleksandriýa şäherinde hökümete garşy geçirilen protestiň dowamynda, demonstrantlar suduň binasyny otladylar.
Howpsuzlyk resmileriniň ýekşenbe güni beren maglumatyna görä, oduň netijesinde binanyň käbir bölegine zeper ýetipdir, şeýle-de ençeme resmi kagyzlar ot alypdyr.
Suduň binasynyň içinde 2011-nji ýylyň halk tolgunşyklarynda protestçileri öldürmekde aýyplanýan alty sany ýokary derejeli polisiýa ofiseri sud edilýärdi.
Protestçiler binanyň daşyndaky polisiýa işgärlerini daşladylar, howpsuzlyk güýçleri hem muňa jogap edip, göz ýaşardyjy gazy ulandylar.
Müsürde 2011-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda başlanan halk tolgunşyklarynda 900 töweregi protestçi öldürilipdi. Munuň netijesinde şol wagty prezident Hosni Mubarek häkimiýetden çekilipdi.