Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylda täze parlament saýlanylýar


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu (sagda) we Naftali Bennet
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu (sagda) we Naftali Bennet
Ysraýylda sişenbe güni irden parlament saýlawlary başlandy.

Pikir soralyşyklaryň netijelerine görä, premýer-ministr Benýamin Netenýahu ýene-de, nobatdaky gezek güýçli pozisiýada galjaga meňzeýär.

Ierusalimde saýlaw uçastoklary açylan badyna, Netenýahu ses bermäge geldi. Ol: “Biz Ysraýylyň ösmegini isleýäris. Şu sebäpli-de biz ”Likud-Beitenu” üçin ses berýäris. Ol näçe uly bolsa, şonça-da Ysraýyl öser. Bu garaýşym bilen meniň maşgalamyň ähli agzalary hem ylalaşýar” diýdi.

Netanýahu özüniň ”Likud” partiýasy bilen dünýewi, aşa milletçi ”Yisreal Beinteinu” partiýasynyň birleşen sagçy koalisiýasyna “sesleriň akyp geljekdigine” umyt edýändigini aýtdy.

Pikir soralyşyklara görä, 120 orunlyk Knessetde ”Likud-Beitenunyň” ýerleriň aglabasyny almagyna garaşylýar. Emma iki partiýanyň 10-a golaý ýerleri hem ýitirmeginiň mümkindigi çaklanylýar. Munuň sebäbi Ysraýylyň syýasy durmuşyna täze bir oýunçynyň gelmegi bilen düşündirilýär.

Aşa milletçi Naftali Bennetiň “Ýewreý öýi” partiýasy şu wagta çenli geçirilen kampaniýalarda köpleri haýran galdyrdy.

40 ýaşly Bennet ysraýyl syýasatynyň täze “rok ýyldyzy” diýip suratlandyrylýar. Ol, esasan, ýaşlary we öňki Sowet Soýuzyndan gelenleri nazarlap, kampaniýa geçirdi.

Raananadaky saýlaw uçastogynda ses berenden soň Bennet hem žurnalistleriň öňünde çykyş etdi: “Biziň maksadymyz ähli Ysraýyly birleşdirmekdir. Dindar, dinsiz, dünýewi, aşa dinçi, araplar, ýewreýler – ählimiz birigip, beýik halkyň bähbidi üçin gowy işleri etmelidiris”.

“Ýewreý öýi” partiýasynyň Knessetdäki ýerleriň 15 töweregini almagyna garaşylýar. Bu partiýa 2009-njy ýylda Knessetde diňe üç orny almagy başarypdy.

Bennetiň ýokary galmagy palestinalylar bilen gatnaşyklary has-da çylşyrymlaşdyrar öýdülýär. Ol saýlaw kampaniýalarynda “Ysraýyl topragynda” palestin döwletiniň döremezligi üçin elinde baryny etjekdigini wada berdi.
XS
SM
MD
LG