Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Derňewçiniň ölümini derňemäge görkezme berildi


Pakistanyň Milli hasabat býurosynyň işgäri Kamran Faýsal geçen hepdäniň anna güni ýerli myhmanhanalaryň birinden öli tapylypdy.
Pakistanyň Milli hasabat býurosynyň işgäri Kamran Faýsal geçen hepdäniň anna güni ýerli myhmanhanalaryň birinden öli tapylypdy.
Pakistanyň Ýokary sudunyň sudýasy Iftikhar Çaudry ýurduň premýer-ministrine bildirilýän korrupsiýa aýyplamalary boýunça barlag işlerini alyp barýan resminiň ölüminiň sebäplerini derňemeklige görkezme berdi.

Pakistanyň Milli hasabat býurosynyň işgäri Kamran Faýsal geçen hepdäniň anna güni ýerli myhmanhanalaryň birinden öli tapylypdy. Deslapky geçirilen derňewlerde onuň öz janyna kast edip ölendigi habar berildi.

Emma Kamran Faýsalyň dogan-garyndaşlary we kärdeşleri hökümet tarapyndan geçirilen bu derňewleriň netijesine ynanmaýandyklaryny aýdyp, garaşsyz derňewiň geçirilmegine aýak direýärler.

Kamran Faýsal 2009-njy ýylda hususy elektrik stansiýalaryndan tok satyn almakda hökümet resmileri tarapyndan korrupsion kanun bozmalara ýol berlendigi barada bildirilýän aýyplamalar boýunça derňew alyp barýardy. Onuň ölüminiň sebäplerini anyklamak boýunça indi Ýokary suduň iki sudýasy derňew alyp barar.
XS
SM
MD
LG