Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda adam hukuklary meselesi barada maslahat edildi


Şenbe güni Türkmenistanyň prezident edarasynyň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutda pudagara komissiýanyň ýörite maslahaty geçirildi.

Bu maslahatda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara gumanitar hukuklar barada boýun alan halkara borçnamalarynyň ýerine ýetiriliş meselesi barada gürrüň edildi. Maslahata Mejlisiň, käbir ministrlikleriň we edaralaryň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň resmi mediasy bu maslahatda ýurduň kanunçylygyna halkara gumanitar hukuk normalaryny ornaşdyrmak boýunça işewür toparyň alyp baran işleri barada hasabatyň-da diňlenendigini habar berýär.

Türkmenistanyň ynsan hukuklary babatda edýän resmi beýanatlaryna garamazdan, şu ýylyň başynda ol “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň we “Human Rights Watch” guramasynyň hasabatlarynda metbugat azatlygy we ynsan hukuklary boýunça ýene-de iň ýaramaz ýurtlaryň hatarynda goýuldy.
XS
SM
MD
LG