Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri nähili Döwlet sekretary bolar?


ABŞ-nyň täze Döwlet sekretary Jon Kerri. 2013 ý.
ABŞ-nyň täze Döwlet sekretary Jon Kerri. 2013 ý.
ABŞ-nyň täze Döwlet sekretary Jon Kerri geçen dynç günleriniň uly bölegini dünýäniň liderleri, şol sanda Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu we Palestinanyň ýolbaşçysy Mahmud Abbas bilen gatnaşyklary ýola goýmak bilen geçirdi.

Döwlet departamentiniň täze syýasatynyň, şol sanda Ýakyn Gündogar boýunça syýasatynyň ozalkysyndan tapawutly boljakdygyna garaşylýar.

Döwlet departamentiniň öňki ýolbaşçysy Hillari Klinton köpçülikleýin pikir soralyşyklaryň netijeleri bilen yzygiderli gyzyklanýardy we daşary ýurtlarda Amerikanyň “diplomat rok ýyldyzy” diýip, atlandyrylýardy. 4-nji fewralda wezipä geçen Jon Kerri bolsa ýurduň baýry döwlet işgäri hasaplanýar.

"Kerri tapawutly bolar"

Jon Kerriniň Döwlet sekretary wezipesinde Klintondan tapawutlanjakdygy ikuçsyz.

Brookings institutyndan Martin Indykyň ýakynda bellemegine görä, 69 ýaşly Jon Kerriniň keşbi Döwlet departamentiniň diwarlarynda asylan taryhy portretlerden ýere düşen surata meňzeýär.

Klinton Döwlet sekretary wezipesine geçmeginden ozal sekiz ýylyň dowamynda prezidentiň aýaly hökmünde ýurduň birinji hanymy, soňra ol ýene sekiz ýyllap amerikan senatory bolupdy.

Jon Kerri 30 ýyllyk karýerasynyň dowamynda Döwlet sekretary wezipesine tarap hereket etdi.

ABŞ-nyň NATO-daky öňki ilçisi we Döwlet departamentiniň baýry işgäri Nikolas Burns Kerrini diplomatiýanyň borjunyň hökmürowanlygyna “uly ynamy bolan” adam diýip atlandyrdy.

Nikolas Burns Jon Kerriniň senatyň Daşary işler boýunça komitetine ýolbaşçy bolandygyny, onuň dünýä liderleri bilen tanyşdygyny aýtdy we şeýle ýokary derejeli adamyň Döwlet sekretary bolmagynyň ABŞ üçin bähbitli boljagyny belledi.

ABŞ-nyň täze baş diplomaty Jon Kerri uzak möhletleýin gepleşikleri gowy görýär we olary ussatlyk bilen alyp barýar. Ol meselä düýpli çemeleşýär we howlukmaç karar çykarmaýar. Ol daşary ýurt liderleri bilen özüni örän arkaýyn alyp barýar we seresaply gepleşýär. Şeýle-de Kerri ABŞ-nyň daşary ýurtlardaky bähbitlerine we täsirine uly üns berýär.

ABŞ-nyň Parahatçylyk institutynyň Demokratiýa we kanunyň hökmürowanlygy barada programmasynyň müdiri Tomas Karoters Kerriniň uzak wagtlap gepleşik alyp barmaga sabyr-takadynyň ýetýändigini aýdýar we bu häsiýetiň ony Hillari Klintondan tapawutlandyrýandygyny belleýär.

Käbir analitikler Klintonyň palestin-ysraýyl konfliktine ýeterlik üns bermändigini belleýärler we Kerriniň bu meselä has düýpli çemeleşmegine garaşýarlar.

Klinton Döwlet sekretary wezipesinde Ysraýyla sanlyja sapar edipdi. Kerriniň ilkinji saparlarynyň hut şu regiona boljagyna garaşylýar. Kerri bu regionda öňegidişligi parahatçylyk prosesi arkaly gazanmalydygyny aýdýar.

Kerriniň wagtyny boş geçirmejegine ynanylýar. Kerri Hillari Klintonyň Döwlet sekretary wezipesinden resmi taýdan çekilen güni, žurnalistlere özüniň işe başlamaga howlugýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG